azerba-janda-nowruz-ba-ramy-uludan-bellen-r

Azerbaýjanda Nowruz baýramy uludan bellenýär

Türki dilli halklaryñ esasy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramy Azerbaýjanda dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.

21 Mart 2022 10:27

Baýramçylyk dabarada Nowruz baýramynyñ nyşanalaryndan bolan “ Kosa we Keçel” bilen “ Bahar gyzyñ” atyşygy, halk tans toparlary tanslar-aýdymlar ýerine ýetirilýär.

Paýtagt Bakuwdaky Içerişäheriñ meýdanynda Nowruz ody ýakyldy.

Nowruz baýramy mynasybetli 28-nji marta çenli dynç alyş yglan edilen ýurtda baýramçylyk çäreleri dowam eder.

Azerbaýjanda Nowruz däpleri

Nowruz baýramyny bir aý ozalyndan bellemäge başlaýan Azerbaýjanlylar, suw, ot,  ýel we toprak çerşenbesini uludan belleýär.

Azerbaýjanda her ýyl Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda ilki suw çerşenbesi bellenýär.

Halk ynançlaryna görä suw çerşenbesinde howla suw serpilýär, ot çerşenbesinde mähellelerde nowruz ody ýakylýar, öýlerde bolsa her maşgalanyñ agzasy üçin şem ýakylýar.

Ýel çerşenbesinde halk ynançlaryna görä,  şemal özünden öň oýanan suwy we ody herekete getirýär, agaçlaryň pyntyklaryny ýarýar. Hut şu gün öý şemalladylýar, haly-palaslar güne serlip, kakylyp arassalanýar. Ýeliň baýramy gününde kakadylan miwelerdir däneden taýýarlanýan süýjülikler saçakda bol bolmaly.

Baýramyň aýrylmaz bölegi— şol gün howluda ot ýakylýar, sebäbi gadymy ynanja görä, ot özi bilen geçen ýylyň ähli ýaramazlyklaryny akidýär. Haçanda ot öçende, onuň külüni daş-töwerege sepýärler, şeýdibem ähli keselçilikdir ýakymsyzlyklary şemal özi bilen umma alyp gidýär.

Habarlar