azerba-janly-bodibilder-ali-ulla-abbaszade-ewropa-cempiony-boldy

Azerbaýjanly bodibilder Aliýulla Abbaszade ýewropa çempiony boldy

“Arnold Classic Europe” bodibilder bäsleşigiñ jemleýji tapgyryna Türkiýede taýýarlyk gören we türk türgenleri bilen bäsleşiklere gatnaşan Azerbaýjanyñ milli türgeni Aliýulla Abbaszade 95 kg agyrlygynda ýewropa çempiony boldy.

20 Eylül 2021 17:07

Azerbaýjanyñ milli türgeni Aliýulla Abbaszade Ispaniýada geçirilen “Arnold Classic Europe” bodibilder bäsleşiginde 95 kg agyrlygynda garşydaşlaryny ýenip öz kategoriýasynda altyn medala eýe bolup ýewropa çempiony boldy.

Türkiýäni gaty gowy görýändigini we Türkiýede finala taýarlanandygyny nygtan Abbaszade: “gaty kyn şertlerde sekiz hepdelik taýýarlyk gördüm. 13 kg artykmaç agramyň bolmagy we sport tälimçimiñ bolmaýşy şertleri hasam kynlaşdyrdy”-diýdi.

Aliýulla Abbaszade, ähli  kynçylyklara garamazdan gije-gündiz türgenleşige dowam edendigini we bäsleşikde üç sany Ispaniýaly, bir Meksikaly we bir Çilili türgeni ýeñendigini aýtdy.

Abbaszade “ ähli garşydaşlarymy ýeñip ýewropa çempiony boldym. Başdan geçirýän duýdularymy taryplajak söz tapamok. Gazanan bu üstünligim Azerbaýjanyñ sport taryhynda Arnold Classicde ilkinji gezek. Bu bäsleşikde ilkinji gezek altyn medal gazanýarys. Indiki maksadym alty hepdeden soñ Ispaniýada geçiriljek bäsleşige gatnaşyp dünýä çempiony bolmak”-diýdi.

Abbaszade, “Gazanan ýeñşimi Azerbaýjan we Türkiýe halkyna sowgat edýärin. Kyn günlerimde maña maddy we ruhy goldaw beren hemmelere köp sagbolsun aýdýaryn”-diýdi.

Habarlar