azerba-jany-100-yllyk-kitaphanasy-azerba-jany-dowlet-kitaphanasy

Azerbaýjanyň 100 ýyllyk kitaphanasy: Azerbaýjanyñ döwlet kitaphanasy

Azerbaýjanyň we Kawkazyň iň uly we esasy kitaphanalarynyň biri bolan Azerbaýjanyň milli kitaphanasy paýtagt Bakuwda ýerleşýär.

03 Aralık 2021 20:52

1922-nji ýylda esaslandyrylan we 1923-nji ýylyň 23-nji maýynda resmi taýdan açylan kitaphana 100 ýyldan bäri kitap söýüjilerine gapylaryny açýar.

1939-njy ýylda meşhur Azerbaýjanly akyldar, ýazyjy we terbiýeçi Mirza Fetali Ahundowyň adyny göteren kitaphana taryhy ýadygärlik hökmünde synplandyrylyp 25 bölüm we 26 filialdan ybarat.

4 million 513 müň kitap we çap edilen eserlere ýer eýeçiligi edýär. Içinde muzeý bolan kitaphanada taryhy we seýrek kitaplardan hökümet resminamalaryna, hukuk resminamalaryndan gazet neşirlerine çenli (Sowet döwründe neşir edilen ähli gazetleriň nusgalary), žurnallardan kartalara, çeper-filmlerden aýdym-saz notalaryna, mikrofilmlerden audio ýazgylara çenli köp eser bar.

Azerbaýjanda neşir edilen her täze kitabyň 4 nusgasy we her bir žurnalyň we gazetiň 2 nusgasy Azerbaýjanyň döwlet kitaphanasynda saklanýar.

Habarlar