azerba-jany-be-ik-sungat-ussady-wakyf-mustafazade

Azerbaýjanyň beýik sungat ussady: Wakyf Mustafazade

Wakyf Mustafazade gysga ömründe Azerbaýjan aýdym-saz sungatynda çuňňur yz galdyrdy.

01 Temmuz 2022 22:12

Wakyf Aziz ogly Mustafazade 1940-njy ýylyň 16-njy martynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda dünýä indi.

1963-nji ýylda Bakuw Asaf Zeýnally döwlet aýdym-saz mekdebini gutaran Mustafazade, 1964-nji ýylda "Orero" ansamblynda "Kawkaz" jaz üçlügine, "Leýla" we "Sewil" zenan wokal-instrumental we mugam instrumental ansambllaryna ýolbaşçylyk etdi.

Halkara jaz ýaryşlarynda we festiwallarynda("Tallin-66", "Tbilisi-78", Monte-Karlo) birinji orna mynasyp boldy.

Wakyf Mustafazade fortepiano we simfoniki orkestr üçin mugam simfoniýasynyñ jaz kompozisiýalary we oýunlary ýazdy.

Mustafazade 1979-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Daşkende gastrollaka ýürek keselinden dünýeden ötdi.

Wakyf Mustafazade dünýä belli jaz aýdymçysy Aziza Mustafa Zadehiň kakasy.

Habarlar