azerba-jany-be-ik-teatr-we-kino-aktrisasy-nesibe-ze-nalowa

Azerbaýjanyň beýik teatr we kino aktrisasy: Nesibe Zeýnalowa

Nesibe Zeýnalowa esasanam komediýa rollary bilen tomaşaçylaryñ söýgüsini gazandy.

27 Mayıs 2022 15:08

Teatr aktýory Jihangir Zeýnalowyň gyzy Nesibe Zeýnalowa 1916-njy ýylyň 20-nji aprelinde Bakuwda dünýä indi.

Orta mektep ýyllarynda tans kurslaryna gatnaşdy.

1932-nji ýylda Ryza Tahmasibiň drama jemgyýetiniň agzasy boldy.

1937-nji ýylda bir teatr jemgyýetiñ agzasy bolup Azerbaýjanyň köp şäherlerine aýlandy.

1938-nji ýylda Azerbaýjan döwlet sazly komediýa teatrynda işe başlady we şol bir wagtda Bakuw teatr mekdebinde aktýorlyk ugrunda okady.

Ondan soňky ýyllarda Nesibe Zeýnalowa 22 sany çeper filmde we 70-e golaý teatr spektaklynda rol aldy.

"Öweý ene" (1958) çeper filmindäki Fatmanisa, "Biziñ Jebiş Hoca" (1969) çeper filmindäki Sugra, "Gaýyn ene" (1978) çeper filminde Jennet daýza roly bilen sungat dünýäsinde öçmejek yz galdyrdy we tomaşaçylaryñ söýgüsini gazandy.

Nesibe Zeýnalowa 1967-nji ýylda Azerbaýjanyň halk aktrisasy diýen ada mynasyp boldy.

Halypa aktrisa Nesibe Zeýnalowa, 2004-nji ýylyñ 10-njy maýynda dünýeden ötdi.

Habarlar