azerba-jany-dowlet-sekillendiris-sungaty-muze-i

Azerbaýjanyň Döwlet Şekillendiriş Sungaty Muzeýi

Azerbaýjanyñ Döwlet Şekillendiriş Sungaty Muzeýi, Azerbaýjandaky iň uly sungat muzeýi bolup paýtagt Bakuwdaky iň esasy muzeýleriň biridir.

23 Nisan 2022 12:54

Azerbaýjanyñ Döwlet Şekillendiriş Sungaty Muzeýi, şäheriñ merkezindäki Niýazi köçesiniñ ugrunda orun alýar.

Muzeý 1936-njy ýylda döredildi we 1943-nji ýylda tanymal Azerbaýjanly teatr sungat işgäri Rüstem Mustafaýewiñ adyny göterdi.

Muzeý, XIX asyrda gurlan iki neoklassiki binadan ybatar. Olaryñ biri 1885-nji ýylda gurlan “ De Bur” köşgi beýlekisi bolsa 1895-nji ýylda gurlan “ Mariinski gyz orta mekdebidir”.

Muzeýiñ 1-nji binasynda günbatar ýewropa sungat toplumy, fransuz, gollandiýaly, nemes we polýak suratkeşleriñ suratlary sergilenýär.

Muzeýin 2-nji binasynda bolsa esasan eýran, türk, hytaý we ýapon sungaty wekilçilik edilýän gündogar sungaty sergilenýär.

Muzeýde suratlar, çyzgylar, oýma nagyşlar we heýkeller görkezilýär.

Muzeýde 15 müñden aşa eser sergilenýär ýöne olaryñ diñe 3 müñi hemişe sergilenýär. Galan 12 müñi bolsa häzirki zaman ammar şertlerinde muzeýiň ammarlarynda saklanýar.

Muzeý duşenbe gününden başga her gün sagat 10: 00-dan 17: 00-a çenli açykdyr.

Habarlar