azerba-jany-esasy-ly-a-merkezi-sahdag

Azerbaýjanyñ esasy lyža merkezi: Şahdag

Azerbaýjanyñ lyža merkezi Şahdag, gyş sportyny söýýän ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ iñ köp gelim-gidimli ýeri.

21 Ocak 2022 18:12

Azerbaýjanyñ ilkinji we iñ uly lyža merkezi, paýtagt Bakuwa 180 kilometr uzaklykdaky Gusar welaýatynda, ýurduñ iñ owadan tebigy mekanlaryndan biri bolan Şahdag Milli seýilgähiñ golaýynda orun alýar.

Düýbi 2009-njy ýylda atylan, 2011-nji ýylda bolsa tapgyrlaýyn ýagdaýda açylan Şahdag syýahatçylyk merkezi, häzirki wagtda 108 gektar lyža meýdany we dürli kynçylyk derejesindäki 23 kilometr lyža eňňitleri bilen syýahatçylara hyzmat edýär.

Dagda typýanlar dürli nokatlarda 5 sany asma ýoly ulanyp, 17 eňňitden typyp bilýärler. Takmynan sagatda 15 müň lyžaçy, lyža ýollaryny ulanyp bilýär.

Emeli gar öndürýän desgasy bolan Şahdag Syýahatçylyk merkezinde bu saýada garyñ az bolan wagtlarynda hem lyžada typmak mümkindir.

Şahdag Syýahatçylyk merkezinde gyş sezony dekabr aýynyñ ortalarynda başlaýar, aprel aýyna çenli dowam edýär.

Merkezde 1200 orunlyk 3,4 we 5 ýyldyzly myhmanhanalar bar. Bakuwa ýakyn bolmagy sebäpli hepdäniñ dynç alyş günlerinde Şahdag syýahatçylyk merkezine adamlar dynç almaga gelýär.

Tufandag Lyža Merkezi

Bu lyža merkezi, Bakuw şäherine 220 kilometr uzaklykda orun alýar. Ýurduñ Gebele sebitinde orun alýan Tufandag lyža merkezi, 2014-nji ýyldan bäri açyk

Habarlar