azerba-jany-garassyzlygyny-owrulisik-nokady-ganly-anwar

Azerbaýjanyň Garaşsyzlygynyň öwrülişik nokady “Ganly ýanwar"

Azerbaýjanda garaşsyzlygyň simwolyna öwrülen we taryha “Ganly ýanwar” hökmünde geçen 20-nji ýanwar gyrgynçylygynyň gurbanlary hatyralanýar.

20 Ocak 2022 13:39

Ganly ýanwar wakalary Sowet Soýuzynyň dargamagyny çaltlaşdyrdy, Azerbaýjanlylarda garaşsyzlyk duýgusyny döretdi.

1990-njy ýylyň başynda ermenileriň güýçlenýän ýer talaplaryna we Sowet dolanşygyna reaksiýa bildirmek isleýän müňlerçe Azerbaýjanlylar Bakuwyň Azatlyk meýdanynda jemlenşdiler we uzak möhletli protest yörişlere başladylar.

ýörişleri dargatmak maksady bilen 20-nji ýanwarda Bakuwyň dürli etraplaryna giren Sowet goşuny zenanlar we çagalar bilen bilelikde asuda ilatdan 147 adamy gyrýar, 744 adamy ýaralaýar. Baş beren dartgynlykda 400-e golaý Azerbaýjanly tutsag edilýär.

Bakuwsa Sowýet hökümeti tarapyndan adatdan daşary ýagdaý dolanyşygy yglan edilmegine we tutuş şäheriñ Sowýet goşunyñ gözegçiligi astynda bolmagyna garamazdan halk köçelere çykdy we şehitlerin jaýlanmagy üçin işe goýuldy.

Şehitler ýüzlerçe müň adamyň gatnaşmagynda gyzyl güller bilen häzirki Şehitler gonamçylygyna jaýlanýar. Şehitler, Şehitler gonamçylygynda jaýlandylar. Jynaza 1 miliona golaý adam gatnaşdy.

Ganly ýanwar gyrgynçylygy, Azerbaýjanlylaryñ Sowet häkimýetine bolan ynamy doly sarsdy we ýurduň garaşsyzlygyna giden ýoly başlatdy.

Azerbaýjanlylar 32 ýyldan bäri her ýylyň 20-nji ýanwarynda ellerinde 20-nji ýanwar gurbanlarynyň simwolyna öwrülen gyzyl güller bilen şehitlige barýarlar.

Habarlar