azerba-jany-gu-cli-zenany-elwina-walesewa

Azerbaýjanyñ güýçli zenany: Elwina Waleşewa

Etnosport festiwalyna gatnaşan Azerbaýjanyñ “Garabag” at üstündäki oýunlar toparynyñ iki zenan türgeniniñ biri bolan Elwina Waleşewa Azerbaýjan baýdagyny buýsanç bilen pasyrdatdy.

17 Haziran 2022 15:16

Bütindünýä etnosport konfederasiýasy tarapyndan gurnalýan  V Etnosport festiwaly Ataturk howa menzilinde dowam edýär. Festiwala 56 döwletden 5 müñden aşa türgen gatnaşýar.

Milli sport görnüşleriniñ ýatdan çykarylmazlygy ýa-da gün ýüzüne çykarylmagy bilen gurnalýan festwiala şu ýyl doganlyk ýurt Azerbaýjanyñ “Garabag” at üstündäki oýunlar topary gatnaşdy.

Toparyñ festiwalyñ çäginde ýerine ýetiren sahnasy tomaşaçylar tarapyndan birnäçe minut aýakda alkyşlandy.

“Garabag” at üstündäki oýunlar toparynyñ iki zenan türgeninden biri bolan Elwina Waleşewanyñ at üstünde ýerine ýetiren hereketleri uly alkyş aldy.

Elwina Waleşewa: “Men çagalygymdan bäri atlary gowy görýärin we münýärin. Ömrümiň her pursatynda atlar bar. Esasanam Garabag atlaryny gowy görýärin. Toparymyz bilen daşary ýurtlarda sahna alýarys we meni iñ tolgundurýan pursat ýurdumyň baýdagyny pasyrdatmakdyr. Türkiýä bizi bu festiwala çagyrandygy üçin köp sagbolsun aýdýaryn. Biz hem şular ýaly festiwallara Türkiýäni çagyrmak isleýäris ”-diýdi.

Habarlar