azerba-jany-milli-sahyry-ahmet-jewad

Azerbaýjanyň milli şahyry Ahmet Jewad

Azerbaýjanyň Döwlet gimniniň we “ Çalkalanýardy Gara deñiz” atly goşgynyñ awtory Ahmed Jewadyñ dünýeden ötenide 84 ýyl boldy.

10 Aralık 2021 15:42

“ Ol şahyr ýaly dünýä indi, şahyr ýaly ýaşady we şahyr ýaly dünýeden ötdi. "

Ahmed Jewad 1892-nji ýylyň 5-nji maýynda Azerbaýjanyň Genje şäheriniň golaýyndaky Şemkir sebitiniň Seýfeli obasynda dünýä indi. Arap harplary bilen ýazmagy we Gurhan okamagy obasyndaky mekdepde öwrendi. 6 ýaşyndaka kakasyny ýitiren Ahmet Jewad ejesi bilen Genjede ýaşaýan öweý doganlarynyň ýanyna gitmeli boldy.

Genje şäherinde Şa Abbas metjidiñ hemaýasyndaky medresede Arap, Pars we Rus dilleri öwrendi. Taryh we edebiýata yly gyzyklanma görkezen Jewad, edebiýat mugallymy Abdulla Suryň beren maslahatyndan peýdalandy. Medrese ýyllarynda ilkinji goşgularyny ýazan Ahmet Jewad goşgularyny dürli gazet we žurnallarda neşir edip başlady.

1906-njy ýylda başlan medrese bilimini 1912-nji ýylda tamamlady. Şol ýyl Osman imperiýasy Balkan söweşine girdi. Ahmet Jewad mugallym dosty Abdulla Şaýk bilen Kawkaz meýletinleri toparyna goşulyp, Stambul şäherine gitdi.

Osmanly esgerleri bilen Frakiýada bolgar goşunyna garşy söweşdi. Stambulda Mehmet Emin Ýurdurdakul bilen tanyşdy. Watanyna gaýdyp gelip, Genjede mugallymçylyk edip başlady.

Ahmet Jewad, I Jahan Urşy döwründe Anadolyda baş beren wakalar barasynda dürli gazetlerde täzelikler we makalalar ýazdy.

Bakuwdaky "Musulman jemgyýetiniň" agzasy bolan Ahmet Jawad, 1915-nji ýylda.Azerbaýjandan Batum, Kars, Ardahan, Sarykamyş, Trabzon we Erzurumdaky türklere we ruslar tarapyndan ýesir alnan Osmanly esgerlerine kömek beren wekiliýete goşuldy.

1915-1916-njy ýyllar aralygynda Batumda ýaşady we mugallymçylyk etdi. Batumda Süleýman Beý Rejanizadanyň gyzy Şükriye Hanym bilen durmuş gurdy. 1916-njy ýylda Bakuwda ilkinji “Ylgama” atly şygyr  kitaby neşir edildi.

Ahmed Jewad Osmanly esgerleri bilen bilelikde Bakuwyň Ýasamal dagynda ýerleşýän rus-ermeni-iňlis goşunlaryna garşy söweşdi. 1918-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Nuri Paşanyň goşuny bilen bilelikde Bakuw şäherine giren ilkinji wekiliýetiñ düzümünde orun aldy. Bakuw basyp alyşlykdan azat edilenden soñ paýtagt bu şähere göçürildi. Ahmet Jewad, Bakuwy ermeni we bolşewik toparlarynyñ basyp alyşlygyndan halas eden Kawkaz yslam goşunynyň serkerdesi Nuri Paşa "Ylgama” atly kitabynyň bir nusgasyny sowgat etdi.

1918-1920-nji ýyllar Ahmet Jewadyñ döredijiliginiñ iñ bereketli döwri boldy. Bu döwürde şahyr Azerbaýjan Respublikasyny öwen, halka paýhas, öwüt-nesihat beren, joşgunly şygyrlar ýazdy. 1919-nji ýylda  “Tolkyn” atly 2-nji şygyr kitabyny çap etdi.

Azerbaýjanyň garaşsyzlyk döwründe hem goşgy ýazan hem-de mugallym žurnalist bolup işlän Ahmed Jewad hökümetiň gurnan döwlet gimni bäsleşigine gatnaşdy. Mukamyny meşhur kompozitor Uzeýir Hajibeýliniň ýazan döwlet gimni begenilmegine garamazdan bolşewik goşunyñ Azerbaýjany basyp almagy sebäpli kabul edilmedi.

Kommunistik dolandyryş döwründe ol ilki Bakuwdan başga şähere göçürüldi. 1920-1922-nji ýyllar aralygynda Gubada milli bilim müdiri bolup işledi. 1922-1927-nji ýyllar aralygynda Azerbaýjanyň ýokary pedagogika institutynyň Taryh we filologiýa bölüminde okady. Institutda okaýarka, 1924-1926-njy ýyllar aralygynda Bakuwdaky Edebiýat jemgyýetiniň başlygy bolup biljek derejede tanymal şahyr boldy. Şol ýyllarda Ynkılap ve Medeniýet žurnalynyň baş redaktory bolup işledi.

1928-nji ýylda şahyryň “Garaşsyzlyk ugruna goşgular kitaby” Stambul şäherinde neşir edilenden soñ Türkiýede şöhraty hasam artdy, ýöne durmuşy kynlaşdy.

1930-1933-nji ýyllarda Genje şäherindäki Azerbaýjan oba hojalyk institutynda Azerbaýjan we Rus dilleri kürsüsünde dosent mugallymy bolup; 1934-nji ýylda Azerbaýjan döwlet neşiriniň terjime bölüminiň redaktory; 1935-1936-njy ýyllarda dokumental filmleri taýýarlaýan Azerbaýjan studiýasynyň müdiri bolup işledi.

Staliniň "Uly arassalaýyş" operasiýasynyñ netijesinde, rewolýusiýa garşy bolmak we türkizmi öñe sürmek bilen günäklenip tussag edildi we harby kazyýetiň beren karary bilen ölüm jezasyna höküm edildi.

Ahmet Jewad 1937-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda atylyp öldirildi.

1955-nji ýylda SSSR-iň baş prokurory Ahmet Jewada bildirilen ähli günäkerlemeleriň esassyzdygynyñ kararyny berýär ýöne şahyryñ aklanmagy öldürilenden soň ýüze çykýar.

Ahmet Jewad, türki dünýäsiniň iň intellektual adamlaryndan Ysmaýyl Gaspyralyň "dilde, pikirde we işde bitewilik" ýörelgesini kabul etdi.

Sowet Soýuzy darganyndan soň garaşsyzlygyny gaýtadan gazanan Azerbaýjanda, parlament 1993-nji ýylda Ahmet Jewad tarapyndan 1919-njy ýylda ýazylan we mukamy Hajybeýli tarapyndan düzülen Azerbaýjanyň döwlet gimnini kabul etdi.

Habarlar