azerba-jany-nahcywan-awtonom-respublikasynda-erles-n-batabat-tebigat-koluni

Azerbaýjanyň Nahçywan Awtonom Respublikasynda ýerleşýän Batabat tebigat kölüni "tebigat syýahatçylyk merkezine" öwürmek üçin uly tagalla edilýär

Nahçywan Batabat tebigat kölüni "tebigat syýahatçylyk merkezine" öwürmek boýunça alynyp barylýan işler dowam edýär.

01 Temmuz 2022 22:19

Nahçywan-Ermenistan serhedinde orun alýan Şahbuz etrabyndaky Batabat tebigat kölüne Nahçywana gelen syýahatçylar uly gyzyklanma görkezýär.

2500 metr beýiklikde orun alýan köliñ edil ortasynda ýüzen bir kiçijik ada bar. Köliñ kenarynda bolsa aryçylyk işleri amala aşyrylýar.

Azerbaýjan Döwlet Syýahatçylyk ministrliginiň medeni ugurlar boýunça geňeşçisi Elsen Mustaýew, Batabat köli we töwereginiñ, Nahçywanyñ iñ köp gelim-gidimli sebiti bolandygyny aýtdy.

Sebitiñ Nahçywanyñ çarwa halkynyñ galýan ýerlerinden biri bolandygyny belläp geçen Mustaýew, tebigy köliñ bir tebigat syýahatçylyk merkezine öwrülmegi üçin işler alynyp barylýandygyny habar berdi.

Kölin töweregi tokaýlar bilen gurşalan we bu sebitde seýrek ösümlikler ýetişýär. Bu sebitde ýaşaýan adamlar tebigy şertlerde iýmitlenýändikleri üçin hem sagdyn durmuşa eýe bolýarlar hem de gaty uzak ýaşaýarlar.

Sebitde hiç hili gurluşyk işine rugsat berilenok. Her bir adam bu deni-taýy bolmaýan hazynany goramak üçin elinden gelenini edýär.

Azerbaýjanyň Döwlet habarlar gullugynyň Nahçywan býurosynyň başlygy Rauf Aliýew Batabat köli we onuň töwereginiň sebitiň iň gymmatly nokatlarynyň biridigini aýtdy.

Aliýew, bir wagtyñ özünde Nahçywanda tapawutly howa şetleriniñ baş berýändigine ünsi çekip;” bu ýeriñ howasyna Garadeñiz howa şerti diýip bileris. Bu sebite köp ýagyş ýagýar. Golaýda bolsa lyža merkezi bar. 2 sagatlyk uzaklykdaky Ordubad sebitinde bolsa düýp göter başga howa şerti sizi garşylayar. Bu Nahçywanyñ eýe bolan iñ uly baýlyklaryndan biridir”- diýdi.

Bu sebitde, Alpinizm bilen meşgullanýan türgenler üçin uly mümkinçilikler bar.

Nahçywan gadymy türk ýurdudyr. Türk ýurdunyñ girelge gapysydyr. Beyik baştutan Mustafa Kemal Atatürkiñ belleýşi ýaly: “Nahçywan Türkiñ gapysydyr”. Zengezur koridoryñ açylmagy bilen Merkezi Aziýa we Türkiýe gury ýer we demir ýol arkaly baglanar.

Habarlar