azerba-jany-prezidenti-ilham-ali-ew-susa-s-herinde-nowruz-oduny-akdy

Azerbaýjanyñ prezidenti Ilham Aliýew Şuşa şäherinde Nowruz oduny ýakdy

Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat edilen Şuşa şäherinde Nowruz oduny ýakdy.

20 Mart 2021 13:21

Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýew, aýaly Mihriban Aliýewa we gyzy Leýla Aliýewa bilen Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat edilen Şuşa şäheriniñ günorta tarapynda orun alýan Jydyr owasynda Nowruz oduny ýakanyndan soñ halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Aliýew ýüzlenmesinde, Nowruz baýramyny bir gün Garabagda uludan bellejekdiklerini köp ýyldan bäri aýdýandyklaryny nygtap: “ ıne şol gün geldi. Şugün Nowruz baýramyny ýurdumuzyñ medeniýet paýtagty bolan Şuşada gutlaýarys. Bu, taryhy bir wakadyr we uly buýsanç we begençdir. Alla Azerbaýjan halkynyñ dogalaryny eşitti” -diýdi.

Prezident Ilham Aliýew topraklary gan dökip yzyna alandyklaryny nygtap şehitleri hormat bilen hatyralaýandyklaryny aýtdy.

Prezident Ilham Aliýew basyp alyşlyk döwründe Azerbaýjanyñ şäher we obalarynyñ Ermenistan taparyndan talanandygyny belläp, Şuşa we basyp alyşlykdan azat edilen hemme oba we şäherleri täzeden dikeltjekdiklerini aýtdy.

Prezident Ilham Aliýew “ II Garabag söweşi şugunki gün  dünýäniñ önde barýan ýurtlarynyñ harby mekdeplerinde öwrenilýär. Biz XXI asryñ söweşini berdik we duşmany ýok etdik. Ermenistanyñ goşununy ýok etdik. Şugün, Jydyr owasynda Nowruz baýramyny belleýärkäk buýsanç bilen Şuşa sen azat! Şuşa Azerbaýjandyr, Garabag Azerbaýjandyr diýýärin.”-diýdi.

Habarlar