azerba-jany-safak-asiman-atagynda-tebigy-gaz-gory-tapyldy

Azerbaýjanyň "Safak-Asiman" ýatagynda tebigy gaz gory tapyldy

Hazar deñziñ Azerbaýjana degişli bölümünde orun alýan “ Şafak-Asiman” ýatagynda tebigy gaz we kondensat gorlary tapyldy.

24 Mart 2021 15:23

Azerbaýjan döwlet nebit kompaniýasy SOCAR tarapyndan berilen beýannamada, "Şafak-Asiman" ýatagynda 7 müň 189 metr çuňlukda tebigy gaz we kondensat gorlaryñ tapylandygy mälim edildi.

Beýannamada “Şafak-Asiman”  ýatagyndaky gorlary doly kesgitlemek üçin goşmaça gazuw-agtaryş işleriniň geçiriljekdigi bellendi.

Paýtagt Bakuwuñ 125 kilometr günorta gündogarynda orun alýan “ Şafak-Asiman” ýatagy, 1100 inedördül  metr meýdany tutýar.

Deniz çuñlugy 650-800 metr bolan ýatakda gözleg, gazuw-agtaryş işleri  SOCAR we British Petroleum (BP) bilen bilelikde geçirildi.

SOCAR we BP 2010-njy ýylda "Şafak-Asiman" ýatagynyň bilelikde işlemegi barada şertnama baglaşdy.

Habarlar