azerba-jany-susa-s-heri-2023-turki-dun-sini-medeni-pa-tagty-di-ip-yglan-ed

Azerbaýjanyñ Şuşa şäheri “ 2023 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty” diýip yglan edildi

Türki dilli halklaryñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryñ medeniýet ministrleriñ hemişelik geñeşiñ nobatdan daşary maslahatynda Azerbaýjanyñ Şuşa şäheri “2023 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty” diýip yglan edildi.

31 Mart 2022 19:24

“2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty” bolan Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryñ medeniýet ministrleriñ hemişelik geñeşiñ nobatdan daşary maslahatyndan soñ jemleýji jarnama çap edildi.

Jarnamada Azerbaýjanyñ medeniýet ministrliginiñ teklip etmeginde we guramanyñ medeniýet ministrleriñ hemişelik Geñeşine agza ýurtlaryñ tassyklamagy bilen taryhy we medeni gymmatlyklary bilen tanalýan Azerbaýjanyñ Şuşa şäheriniñ 2023 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty bolup yglan edilendigi mälim edildi.

Jarnamada şeýle-de TÜRKSOÝ Baş sekretarlygy wezipesine, Gyrgyz Respublikasynyñ medeniýet, informatika, sport we ýaşlyk syýasatlary ministrligiñ teklibi boýunça Sultan Raýewiñ 2022-2025-nji döwür üçin bir agyzdan saýlanandygy mälim edildi.

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryñ medeniýet ministrleriñ hemişelik geñeşine agza ýurtlaryñ wekilleri wezipesini tamamlaýan Düsen Kaseinowa sowgatlar gowşurdylar

Habarlar