azerba-jany-ussat-sahyry-sungat-adamsy-we-azyjysy-jafer-jabbarly

Azerbaýjanyñ ussat şahyry, sungat adamsy we ýazyjysy: Jafer Jabbarly

Azerbaýjan edebiýatynyň beýik şahsyýetlerinden biri bolan Jafer Jabbarly teatr sungatynyň ösmegine uly goşant goşdy.

03 Aralık 2021 20:51

1899-njy ýylda Bakuw şäherinde dünýä indi. Kakasy ol heniz bäbekkä dünýeden ötdi. Başlangyç bilimini Molla Mekdebinde başlap Alekseýew mekdebini tamamlady.  Bakuw politehniki mekdebiniň elektrik bölüminden uçurym bolan meşhur şahyr we ýazyjy maşgalasynyñ güzeranyny görmek üçin birnäçe wagtlap  satyjy bolup işledi.

1915-nji ýyldan bäri liriki we satirik goşgular, hekaýalar we dramalar ýazyp başlaýan Jabbarlynyň bu goşgulary dürli gazetlerde we žurnallarda çap edilip başlandy.

Medisina fakultetinde okaýarka, Gündogary öwreniş fakultetiniň sapaklaryna gatnaşan Jabbarly, Günbatar klassyklaryny terjime edip, özüni tanatdy.

Köp sanly teatr eserleri sahnalanan Jafer Jabbarly, Azerbaýjan teatr sungatynyň ösmegine uly goşant goşdy. Jafer Jabbarly 1934-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda dünýeden ötdi. Tanymal şahyr we ýazyjynyň Bakuw Gonamçylygyndaky mazaryna her ýyl muşdaklary zyýarat edýär.

Habarlar