azi-a-uwas-umman-urtlaryny-demir-ol-dolandyryjylary-gyrgyzystanda-dususdy

Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň demirýol dolandyryjylary Gyrgyzystanda duşuşdy

Gyrgyzystanda geçirilen maslahatda Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynda demir ýol gatnawy we halkara demirýol ugurlary meselesi ara alyndy.

01 Temmuz 2022 18:09

Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň demirýol dolandyryjylarynyñ maslahaty Gyrgyzystanyñ Çolpon-Ata şäherinde geçirildi.

Maslahata Gyrgyzystanyñ, Özbegistanyñ, Türkmenistanyñ, Gruziýanyñ, Türkiýäniñ demirýol administrasiýalarynyñ ýolbaşçylary we wekilleri bilen Azerbaýjanyň logistika firmasynyñ wekilleri gatnaşdy.

Gyrgyzystanyň demir ýol gullugynyň başlygy Azamat Sakiýew maslahatda eden çykyşynda Aziýa-ýuwaş umman ýurtlarynda ýük daşamagyň gerimini giňeltjek çäreleriň ähmiýetini nygtap geçdi.

Maslahatda Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynda demirýol gatnawy we halkara demirýol ugurlary taslamalaryñ durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyñ ahyrynda “Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlary-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa" halkara demirýolunyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin çäreleri düzýän teswirnama gol çekildi.

Habarlar