azi-any-gadymy-s-heri-kazan

Aziýanyñ gadymy şäheri: Kazan

Tatarstan Respublikasynyñ paýtagty Kazan, Türk-Yslam sungatyny özünde jemleýän seýrek nusgalardan biridir.

29 Mart 2021 11:36

Russiýa Federasiýasyny emele getirýän 21 respublikadan biri bolan Tatarstan, 68 müñ inedördül kilometr meydana eýe.  Tatarstanyñ 3,786,358  ilaty bar. İlatynyñ 53 göteriminden gowragyny Tatarlar, 39,7göterimini Orslar, 3,1 göterimini Çuwaşlar we 4 göterimini bolsa başga milletler emele getirýär.

Wolga derýasynyñ demirgazygy we Kama-Idil derýalarynyñ birleşýän ýerinde gurulan Tatarstan Respublikasy, Çuwaşiýa, Mari, Udmurt, Başkir, Uýanowsk, Kirow, Orenburg we Samara arasynda orun alýar.

Ýylda 32 milion tonna nebit öndürýän Tatarstan baý tebigy çeşmelere eýe. Tatarlaryñ Yslam dinini 922-nji ýylda kabul edendikleri nygtalýar. Kazan Tatarlaryñ, Idil-Kama Bolgarlary bilen 13-nji asyrda Merkezi Aziýadan bu sebite göç eden Gypçak Türkleriñ agtyklary bolandygy nygtalýar.

Tatarstan Respublikasynyñ paýtagty Kazan eýe bolan görki we binagärligi bilen adamlary özüne bendi edýär. Şäheriñ töweregindäki derýa we akarsuwlary, tebigy görki, taryhy eserleri, ýollary we seýilgähleri  bilen özüne haýran galdyrýar.

Kazan şäheri ýöräp gezelenç etmek üçin ideal şäher. Şäheriñ merkezinden şäheriñ iñ uzak nokadyna ýarym sagatda gidip bolýar. Güniñ ir sagatlaryndan başlap seýilgähler sport edýän adamlar bilen dolýar. Agşam sagatlarynda bolsa seýilgählerde suw çüwdürümleri bilen şou gurnalýar

Baumana köçesi

Kazan şäheriniñ iñ meşhur Baumana köçesi, şäheriñ kalby. Bu köçäniñ ugrunda kafeler, restoranlar we dukkanlar orun alýar.

Köçe sazandalarynyñ  ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, tanslary köçäni başyndan ahyryna çenli baýramçylyk meýdançasyna öwürýär.

Beýleki tarapdan bolsa suratkeşler, illýuzionistler zehinlerini görkezip pul gazanmaga synanyşýarlar.

Kul Şerif Metjidi

Adyny Iwan Groznynyñ Kazan şäherinde guran hüjmünde hanlygy goramak üçin janyny gurban eden uly döwlet adamy Kazan Hanlygynyñ ymamy Kul Şeriften alan metjid, ýurtda Yslam dininiñ we döwletiñ ýañadan dogluşunyñ tymsalydyr.

16-nji asyrda gurulan we häzirki görküne 2005-nji ýylda eýe bolan Kul Şerif metjidi 2 gatdan emele gelýär. Ýokarky gaty dini çäreler, aşaky gaty bolsa muzeý hökmünde ulanylýar.

Mimarlygy her tarapdan görülýän metjid dünýäniñ çar künjeginden gelen adamlary garşylaýar. Metjid özüne mahsus arhitekturasy we bezegleri bilen ünsleri özüne çekýär. Mawy gümmezleri we ak reñki bilen metjid şäheriñ nyşany bolan eserleriñ arasynda orun alýar.

 

Habarlar