azi-any-uregi-stambul-prosesini-c-klerind-ki-9-njy-ministrler-derejesind-k

“Aziýanyň ýüregi- Stambul prosesiniň” çäklerindäki 9-njy ministrler derejesindäki maslahat

“Aziýanyň ýüregi - Stambul prosesiniň” çäklerindäki 9-njy ministrler derejesindäki maslahat 2021-nji ýylyň 29-30-njy mart aralygynda Duşanbe şäherinde geçiriler.

03 Mart 2021 20:45

“Aziýanyň ýüregi - Stambul prosesi” Owganystan bilen Türkiýäniň alyp barýan sebitleýin başlangyjy bolup, 2011-nji ýylda döredildi. Bu başlangyç Owganystanda we umuman sebitde durnuklylygy, parahatçylygy we abadançylygy ýokarlandyrmak boýunça syýasy gepleşikler we sebit hyzmatdaşlygy üçin platforma bolup durýar.

“Stambul prosesiniň” agzalary: Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Saud Arabystany, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri.

Aziýanyň ýüregi - Stambul prosesiniň” çäklerindäki VIII ministrler derejesindäki maslahat Türkiýäniñ prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyñ ýer eýeçiliginde Stambul şäherinde geçirildi we döwürleýin başlyklyk wezipesi Täjigistana tabşyryldy.

Habarlar