bakuw-s-herinde-nowruz-ba-ramy-bellendi

Bakuw şäherinde Nowruz baýramy bellendi

Halkara Türk Medeniýeti we Mirasy Gaznasy tarapyndan paýtagt Bakuwda Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp baýramçylyk çäresi gurnaldy.

22 Mart 2021 14:51

Halkara Türk Medeniýeti we Mirasy Gaznasy tarapyndan paýtagt Bakuwda Halkara Nowruz gününe bagyşlanyp baýramçylyk çäresi we “ Dünýämizi goralyñ: Türk dünýäsiniñ däp-dessurlary” atly halkara surat bäsleşiginiñ ýeñijilerine baýraklaryny gowşurma dabarasy gurnaldy.

Baýramçylyk çärede çykyş eden Halkara Türk Medeniýeti we Mirasy Gaznasynyñ başlygy Günaý Efendiýewa gatnaşyjylary Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap Nowruz baýramynyñ Türk dünýäsiniñ umumy gymmatlygy bolandygyny we Halkara Nowruz gününiñ UNESKO-nyñ maddy däl medeni  mirasynyñ sanawynda 10 ýyldan bäri orun alýandygyny ýatlatdy.

Efendiýewa, Türki dilli halklaryñ medeniýetinde Nowruz gününiñ, täze ýylyñ başlangyjy, bahar paslynyñ buşlukçusy, tebigatyñ janlanmagy, ynsanperwerligi, täze umyt we arzuwlar ýaly köp manylarynyñ bardygyny belläp Nowruz baýramynda milli däp-dessurlaryñ janlandyrylýandygyny aýtdy.

Azerbaýjanyñ Garabagdaky topraklaryny Ermenistanyñ basyp alyşlygyndan azat etmeginiñ buýsanç beriji waka bolandygyny bellän Efendiýewa, “ Ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyz biziñ iñ uly baýlygymyzdyr. Maksadymyz bu gymmatlyklarymy dowam etdirmek we bütindünýä tanatmak”- diýdi.

Baýramçylyk dabara Azerbaýjan Respublikasynyñ daşary işler ministiriniñ orunbasary Ramiz Hasanow, Türkmenistan Respublikasynyñ Azerbaýjandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew, Türkiýe Respublikasynyñ Azerbaýjandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Erkan Ozoral, Gazagystan Respublikasynyñ Azerbaýjandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Seržan Abdyrakimow, Özbegistan Respublikasynyñ Azerbaýjandaky Ilçihanasynyñ ataşasy Oýbek Akramow, Gyrgyzystan Respublikasynyñ Azerbaýjandaky baş maslahatçysy Muhammed Lou, Wengriýanyñ Azerbaýjandaky Ilçisiniñ baş sekretary Mıhaýyl Gruber, Latwiýanyñ Azerbaýjandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Egidijus Nawikas, BMG-nyñ Azerbaýjandaky kordinatory Isagzai we köp sanda myhman gatnaşdy.

Habarlar