bakuw-s-herini-basyp-alyslykdan-azat-eden-serkerde-nuri-pasa

Bakuw şäherini basyp alyşlykdan azat eden serkerde Nuri Paşa

Heniz 28 ýaşyndaka 12 müñ esgerlik Kawkaz Yslam Goşunyna ýolbaşçylyk edip Bakuw şäherini Ermeni we Bolşewik güýçleriñ basyp alyşlygyndan azat eden Nuri Paşa, Azerbaýjanlylar tarapyndan hormat bilen hatyralanýar.

04 Mart 2022 21:43

Azerbaýjanyñ paýtagty Bakuwy 1918-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda Ermeni galtamanlary we Bolşewik harby güýçleriniñ basyp alyşlygyndan azat eden Kawkaz Yslam Goşunyñ generaly Nuri Paşanyñ dünýeden ötenine 73 ýyl boldy.

Heniz 28 ýaşyndaka 12 müñ esgerlik Kawkaz Yslam Goşunyna ýolbaşçylyk edip Bakuw şäherini Ermenileriñ we Bolşewik güýçleriñ basyp alyşlygyndan azat eden, Respublika döwründe bolsa guran zawodlary bilen Türk goranyş senagatynyñ ösmegine uly goşant goşan Nuri Paşanyñ hatyrasy Türkiýe we Azerbaýjanda ýaşadylýar.

Sütlüjüde ýarag zawodynda 1949-njy ýylyñ 2-nji martynda baş beren patlamada dünýeden öten Nuri Paşanyñ heläkçilikmi ýa-da janyna kast edildimi sowaly henizem jogaplanmady.

Nuri Paşa, 1890-njy ýylda Manastyrda dünýä indi, başlangyç we orta mektebi bu şäherde tamamlap 1909-njy ýylda Manastyr Harby mekdepden leýtenant derejesi bilen uçurym boldy. Balkan geografiýasynyñ tapawutly sebitlerinde wezipede boldy we 1911-nji ýylda Tripoli söweşine gatnaşdy.

Osman Imperiýasy I Jahan Urşuna girenden soň "soltanyň adýutanty" derejesi berlen Nuri Paşa, 1917-nji ýyla çenli Tripoli we Bengazide gulluk edýärkä  Iňlis, Italýan we Fransuz güýçlerine garşy köp söweşdi.

Enwer Paşa, Nuri Paşany Azerbaýjan we Dagystanyň Osman Imperiýasyndan kömek soramagy esasynda döreden Kawkaz Yslam Goşunynyň serkerdeligine belledi.

12 müñ esgerden ybarat bolan Kawkaz Yslam Goşuny, Göýçaý, Salýan, Agsu we Kürdemiri Boşewik güýçlerinden we Ermeni galtamanlaryndan saplady, 1918-nji ýylyñ 15-nji sentýabrynda bolsa Bakuwy basyp alyşlykdan azat etdi. Kawkaz Yslam Goşuny, Bakuw şäherini azat etmek üçin 1130 şehit berdi.

Bakuw şäherini halas eden gahryman hökmünde tanalmaga başlaýan Nuri Paşa, Azerbaýjanda giden her ýerde hormat we söýgi bilen garşylandy.

Bakuwda uly joşgun bilen garşylanan Nuri Paşa, Tezepir metjidinde münbere çykyp halka ýüzlendi. Bu münber “Nuri Paşanyñ münberi” diýip metjitde goralýar. Nuri Paşanyñ Genjede galan öýi bolsa müzeýe öwrüldi.

Mudros ylalaşygyna gol çekilenden soň, Kawkaz Yslam Goşuny Bakuwdan çykmaly bolanda, Nuri Paşa Iňlisler tarapyndan Batumide tussag edildi.

Nuri Paşa, 1919-njy ýylyñ 8-nji awgustda Kawkazlaryñ kömegi bilen türmeden gaçdy.

Türkiýäniň goranyş senagatynyñ öňdebaryjylaryndan biri boldy

1921-nji ýylda Berline giden Nuri Paşa, bu şäherde kafel ýasamagy öwrendi we 1924-nji ýylda Stambula gaýdyp gelip Kütahya Kafel zawodyny açdy. Birnäçe wagtdan soñ zawodyñ dolanyşygyny başga birine tabşyryp goranyş senagatyna gönükdi.

Nuri Paşa, Sütlüjede bir zawod satyn alyp goşun üçin ýarag we ok-däri ýasady, tapawutly ýaraglar ýasap olaryñ patentini aldy. “Nuri ýaragy” diýip atlandyrylan Türkiýäniň ilkinji 9 millimetrlik ýaragy köpçülikleýin ýagdaýda öndürüldi.

Nuri Paşa, ýurduñ goranyş senagatynyñ ösmegine uly goşant goşan ilkinji telekeçileriñ biri boldy.

Palestina halkyna goldaw berdi

Nuri Paşa, Arap-Ysraýyl söweşinde Arap goşunlaryny we Palestina halkyny goldady. Ysraýyl döredilenden soň arap söweşijiler üçin ýarag we ok-däri öndüren Nuri Paşa 1949-njy ýylyň 2-nji martynda Sütlüce zawodynda bolan uly partlamada dünýeden ötdi.

Habarlar