bakuwy-binalary-re-kli-suratlar-bilen-bezeldi

Bakuwyň binalary reňkli suratlar bilen bezeldi

Paýtagt Bakuwdaky käbir binalar Azerbaýjanyň taryhy we medeni aýratynlyklary we suratkeşleriň arzuwlaryny wasp edýän suratlar bilen bezeldi.

05 Mart 2021 20:30

Azerbaýjan Respublikasynyñ prezidenti Ilham Aliýewiñ gyzy Leýla Aliýewanyñ ýolbaşçysy bolan IDEA Gaznasy tarapyndan başladylan taslama çäginde soñky 2 ýylyñ dowamynda paýtagt Bakuwyñ tapawutly sebitlerinde köp sanda bina renkli suratlar bilen bezeldi.

Durmuşa geçirilýän bu taslama bilen ozaldan adaty ýaşaýyş jaýlary bolan binalar,  adamlaryñ uly gzyklanma bilen garaýan sungat eserine öwrüldi. Bu sebitleriñ ýaşaýjylary hem ýaşaýyş jaýlarynyň sungat eserlerine öwrülmeginden gaty hoşal.

Habarlar