be-ik-dana-abu-re-han-muhammed-bin-ahmed-al-biruni

Beýik dana: Abu Reýhan Muhammed bin Ahmed Al-Biruni

Abu Reýhan Al-Biruni, ýaşan döwrüne adyny beren alym.

20 Mayıs 2022 18:19

Abu Reýhan Al-Biruni 150-den köpräk ylmy işi miras galdyryn, orta asyrlaryň tanymal alymydyr. Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruny 973-nji ýylda Horezm sebitinde düñýä inýär.

Horezm welaýatynyň medeniýetiniň we ylmynyň merkezi bolan Ürgençde öz bilimini köp taraplaýyn ösdürýär. Ol, 17 ýaşynda ylmy işlerine başlady. Biruny 22 ýaşynda ilkinji bolup ýeriň globusyny ýasamagy başarypdyr.

Ibn-i Sina bilen hatlar arkaly ylmy pikir alyş çalşygy etdi.

Ol birnäçe dili öwrenýär. Horezmiň baý kitaphanalarynda grek we arap dillerinde ýazylan ylmy eserleri okaýar. Grek, arap, pars dillerini suwara bilýän Biruni 27 ýaşynda “Geçen nesilleriň ýadygärlikleri” atly işini ýazyp gutarýar.

Bu kitabynda ol astronomiýa, matematika ylymlarynyň örän möhüm meselelerini beýan edýär. Biruni özüniň ýiti zehinliligi hem zähmetsöýerligi bilen Ürgenç akademiýasynyň alymlarynyň arasynda belent abraýa eýe bolýar.

Biruni 1031-nji ýylda “Hindileriň taryhy”, “Hindistanyň görnüşi” atly kitaplary ýazýar. Bu kitaplar geografiki we taryhy eserler bolup, häzirki wagtda hem öz güýjüni saklaýar. Matematikanyň ösüşinde hem Biruni görnükli orun eýeleýär.

Biruni Ýer şarynyň radiusyny hasaplap tapýar.

Al-Biruni swerik trigonometriýany esaslandyran alymlaryň biridir. Ol trigonometrik tablisalary düzýär.

Biruniniň dermanlyk ösümlikleri barasynda ýazan eseri  "orta asyr dermanhanasynyň atasy" diýen ada eýe boldy.

Al Biruni, fizik Isak Nýuton, Ewangelista Torricelli, alym Nikolaý Kopemikus we matematik Galileý ýaly özünden soň gelen filosoflary ruhlandyrdy.

Habarlar