be-ik-gazak-sahyry-aba-kunanba-ogly

Beýik Gazak şahyry: Abaý Kunanbaýogly

Gazak edebiýatynyň düýbüni tutan Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda Gazagystanyň Semi şäherinde dünýä indi.

27 Ağustos 2021 21:04

Hakyky ady Ibrahim bolan şahyr, ünsli bolany üçin enesi "Abaý" diýip çagyrypdyr we soňra bu at bilen tanalypdyr.

Başlangyç bilimini ýerli ymamdan alan, soň bolsa bilimini Semeý medresesinde dowam etdiren Kunanbaýew ors mekdebinde-de bilim aldy.

Arap, Pars, Rus we Çagataý türk dilini bilen gazak şahyry, 170-e golaý goşgy, 56 terjime we "Gara Söz" adynda 45 nesihat ýazdy.

"Döwrebap Gazagystan edebiýatynyň düýbüni tutujy" hökmünde tanalýan Kunanbaýew ýalany, gybaty, buýsanjy, ýaltalygy we isripi adamzadyň bäş duşmany zähmet, işlemek, oýlanmak, minnetdarlyk we rehimdarlygy bolsa adamzadyñ bäş mertebesi hökmünde taryplady.

Gazaklary okamaga we öwrenmäge çagyrdy

Gündogar klassiklerini we Günbatar çeşmelerini gowy bilýän Kunanbaýew eserlerinde halky okamaga, öwrenmäge we sorag soramaga çagyrdy.

Sopuçylygy gowy bilýän ussat şahyr Ahmet Ýasawynyñ ýoluny kabul etdi. Şahyr, Gazagystanda sopuçylyk edebiýatynyň düýbüni tutdy.

Kunanbaýew Gazagystanyň milli edebiýatynyň klassiklaryndan biri hökmünde kabul edilmegi bilen Gazagystanda Abaý adynda köp sanda ylmy dokladlar taýarlandy.

Beýik şahyr Kunanbaýew 1904-nji ýylda dünýeden ötdi.

Döwrebap Gazak edebiýatyñ düýbüni tutdy

Gündogar we Günbatar medeni - gymmatlyklaryny sintezläp döwrebap Gazak edebiýatynyň düýbüni tutan Kunanbaýew “ Şygyr dil ussady”, “ Söýgüniñ dili, dilsiz dil”, “ Gözümiñ garasy”, “ Inçe gaşly saña salam berýän”, “ Iskender”, “ Masgud”, we “ Azime hakkynda dessan” ýaly köp sanda şygyr we dessan ýazdy. Rus klasik ýazyjylarynyñ köp eserlerini gazak diline terjime etdi.

Döwrebap Gazak edebiýatyñ düýbüni tutan Kunanbaýew eserlerinde gazak halkynyñ sosial we ahlak meselelerine ünsi çekip, halky medeni ösüşiň dogry ýoluny saýlamaga çagyrdy.

Beýik akyldar, alym, terbiyeci, terjimeçi, kompozitör, folklorçy, dilçi, tankytçy we reformaçy Abaý Kunanbaýewiñ durmuşyny gürrüň berýän dört tomdan ybarat bolan Muhtar Aýezowyñ ýazan  "Abaý ýoly" atly roman 116 dile terjime edildi.

Habarlar