be-ik-hadys-alymy-ymam-al-buhary

Beýik hadys alymy: Ymam Al Buhary

Ymam Al Buhary hadyslary ilkinji bolup kitapda jemledi.

17 Aralık 2021 19:05

“ Hadys ylymynda emir al-müminiýin” diýen uly ada eýe bolan Ymam al-Buhary aýratyn üns berilmeli uly alymdyr.
Onuň doly ady: Ebu Abdullah Muhammet ibn Ysmaýyl ibn Ybraýym ibn al-Mugiýra ibn Berdazbeh al-Juafy al-Buhary bolup, Ol hijri hasabynda 194 ýyl şawwal (baýram t.b) aýynyň 13-nji güni (milady: 810 ýyl 20 iýul) Buhara şäherinde dünýä inýär. Başka köp alymlardan tapawutlylykda al-Buharyň doglan senesiniň anyk görkezilmeginiň sebäbi, onuň atasy Ysmaýyl öz döwüriniň ylymly adamlaryndan bolup, oglunyň doglan günini öz eli bilen ýazyp giden kagyz döwürdeş alymlaryň ygtyýaryna ýetenipdir, şol sebäplide onuň doglan wagtynyň anyklygyna şek şübhe ýok. Al-Buhary ýaş wagty atasy ölüp, ejesiniň terbiýesinde ulalýar. Ol ýaşlygyndan akyl-paýhasly, kesgir zehinli we ylma höwesi güýçli bolup, dürli ylymlary, esasanda hadys ylmyny uly gyzklanma bilen öwrenýär. Çeşmelerde ýazylmagyna görä, ol on ýaşyndan başlap öz ýurdundaky rowaýatçylardan eşden hadyslaryny, şeýle hem, Abdullah ibn al-Mübärek we Waky ýaly alymlaryň hadys ýygyndylaryny okap, ýat bekläpdyr, ustazy Şyh Dahyly bilen hadys rowýatçylary hakyndaky gyzgyn çekeleşiklere gatnaşypdyr. 825-nji ýyly on alty ýaşly al-Buhary ejesi we agasy Ahmet bilen Hijaza tarap ýol alýar, mukkades şäherler bolan Mekke we Medinäni zyýarat edip, alty ýyl Hijazda ýaşap, hadys ylmyndan öz bilimini ýene-de köpeltmek magsadynda şol döwürde ylmyň uly merkezlerinden hasaplanan Damask, Kahira, Basra, Kufa, Bagdat ýaly şäherlerde ýaşap, ol ýerlerdäki meşhur alymlardan hadys ylmy bilen bir hatarda fykh ylmyndanam tälim alýar, uly alymlaryň ýygnanyşygynda ylmy çekeleşiklere we ylymy mejlislere gatnaşýar hem-de talyplara ders hem berýär. Ymam al-Buharyň ömüriniň köp bölegi daşary ýurtlarda, mysapyrçylykda geçýär. Bu barada onuň özi: «Müsüre, Şama, Mesopotamiýa iki gezek, Basra dört gezek bardym. Hijazda alty ýyl ýaşadym. Bagdat we Kufa şäherlerine näçe gezek baranymyň hasabyny bilmeýärin» diýen eken. Ol saparda mahalam, bir ýerde mukym (oturymly) mahalam ylmyny köpeltmek üçin dynuwsyz işleýärdi, ýygnan hadyslaryny kagyza göçürýärdi.
Ylym öwrenmek magsadynda al-Buhary juda köp alymlardan tälim alýar. Nyşapurly al-Häkimiň (1015-nji ýylda aradan çykan) ýazmagyna görä al-Buharyň ustazlarynyň sany togsan töwregi bolupdyr, olar: Muhammet ibn Ýusup al-Garýaby, Ubeýdulla ibn Musa al-Abasy, Ebu Bekr Abdulla ibn az-Zubeýr al-Hamidi ibn Rohawy ady bilen meşhur bolan Ymam Yshak ibn Ybraýym, Ymam Ahmet ibn Hanbel, Aly ibn al-Medeni we başkalardyr.
Öz nobatynda al-Buhary hem köp şägirtlere ustazlyk edipdir. Yshak ibn Muhammet ar-Remady, Abdullah ibn Muhammet al-Mesnady, Muhammet ibn Halaf ibn Kuteýba, Ybraýym ibn al-Harby, Ebu Isa at-Termizi, Muhammet ibn Nasr al-Merwezy, Muslim ibn al-Hajjaj, ýaly uly alymlar onuň şägirtleridir.
Termizli meşhur muhadys Ebu Isa at-Termizi, al-Buhara hem şägirt, hem ýoldaş hasaplanyp, olaryň özara gatnaşyklary görelde alarlyk bolupdyr. Uzak ýyllar Şarkyň dürli ýurtlaryna sapar edenden soň al-Buhary ömüriniň ahyrlarynda bäş (863—868) ýyl Nyşapurda ýaşap, medresede hadys ylymyndan ders beripdir. Şol mahallar Nyşapur musulman şarkyndaky iň uly ylmy merkezlerinden birine öwürilendigi sebäpli köp alymlar şu şähere ýygnalandylar. Al-Buharyň at-Termizi bilen sataşmagy hem Nyşapurda ýüz beripdir, iki meşhur muhadysyň arasynda unudylmajak, gyzgyn ylmy çekeleşikler, köpden-köp döredijilik we dostlukly duşuşyklar bolup geçýär.

Ol zehini kesgirligi we ýatkeşliginiň güýçliligi bilenem halk arasynda hem uly meşhurlyk gazanypdyr. Çeşmelerde al-Buharynyň alty ýüz müňe ýakyn hadysy ýatdan bilendigi ýazylypdyr.
Ymam al-Buhary daşary ýurtdan gaýdandan soň, öz watany Buharada köp şägirtlere we ulamalara hadys ylmyndan sapak bermek bilen meşgullanýar.

Al-Buhary Samarkandyñ Herteň obasynda özüniň şägirtleri we agaýyn-garyndaşlarynyňkyda ýaşandan soň agyr hastalyga ýolugyp, hijri 256 ýyl (milady 870 ýyl 1 sentýabr) 60 ýaşynda wepat edýär we şol ýerde depin edilýär.
Ymam al-Buhary özüniň nesillerine baý we gymmatly ylmy miras galdyran bolup, onuň ýazan eserleriniň sany ýigirmiden agdykdyr. Olardan «Al-jamy as-sahyh», «Al-edep al-mufrat», «At-taryh as-sagyr», «At-taryh al-ewsat», «At-taryhal-kebir», «Kitabal al-ilal», «Berr ul-walidaýn», «Asami us-sahaba», «Kitap al-kuna» (şulary) we başkalarny görkezmek mümkin.

Uly alymyň iň möhüm eseri şübhesiz «Al-jamy as-sahyh»dyr. Bu eser «Sahyh al-Buhary» ady bilen hem meşhurdyr. Onuň örän ähmiýetli tarapy, Ymam al-Buhara çenli ýaşap geçen muhadyslar özleriniň ýygyndylaryna eşiden ähli hadyslaryny saýlap oturman birçetden giriziberipdirler. Al-Buhary bolsa dürli rawylardan eşden hadyslaryny derejelere bölüp, olaryň ynamlylaryny bölekläp, aýratyn kitap döretdi.
Ýazyjy ibn Selahyň aýtmagyna görä, al-Buharyň bu eserine girizilen ynamly hadyslaryň sany gaýtalanýanlary bilen bile 7275 sany bolup, gaýtalanmaýan görünişde bolsa 4000 hadysdan ybaratdyr.
Bu göreldeli işi birinji al-Buhary başlap beren bolup, soň köp alymlar oňa eýerip, şu görünişde hadyslar ýygyndysyny döredipdirler. Ymam al-Buharynyň bu uly eseri şu wagta çenli Yslam taglymatynda Gurhandan soň ikinji orunda durýan möhüm çeşme görünişinde ýokary bahalanyp gelinýär. Ymam al-Buharynyň bu eseriniň köp nusgalary dürli şäherlere ýaýrapdyr.

Ymam al-Buharyň ýygyndysyna girizilen hadyslar diňe Yslam taglymatyna degişli umumy kadalary görkezmek bilen çäklenip galmaýar. Olar mähir-muhebbet, sahylyk, açyk göwünlilik, ata-enä, aýallara we ulylara hormat, ýetim-ýesirlere muruwwet, pakyr-pukaralara himmet, zähmet söýerlige we halalyga çagyrmak ýaly hakyky ynasy fazyletleriň we göreldeli tertip-düzgünleriň ýygyndysydyr. Onda näme ýagşy, näme ýaman, nämäni etmek gerek, nämeden özüňi saklamalydygy hakynda esasanda ýaş nesil üçin uly terbiýeleýji ähmiýete eýe pent-nesihatlar we öwüt-ündewler ýazylandyr.

Habarlar