be-ik-lukman-ibn-sina

Beýik lukman Ibn Sina

Lukmanlara ysyk çaýýan, kitaplary bilen geljege ýüzlenýän beýik lukman: Ibn Sina

08 Nisan 2022 21:13

Günbatarda “Awisena” diýip atlandyrylýan Ibn Sina 980-nji ýylda häzirki Özbegistanyň Buhara şäheriniň golaýyndaky Afşana şäherinde dünýä inýär. Buharada kakasyndan we döwrüň beýik alymlaryndan sapak alýar. Adatdan daşary zehini we düşünjesi onuň ýoluna şöhle saçýar.

Heniz 10 ýaşamanka Gurhany ýat tutdy, logika sapaklaryny alyp, grek dilini gowy öwrendi.

14 ýaşynda mugallymlaryndan öňe geçmäge başlaýar. 16 ýaşynda lukmançylyga höwes edýär we Kaşýar atly lukmandan bilim alýar.

Ibn Sina 16 ýaşyndaka, Buharanyň emiri Nuh Mansur tarapyndan oglunyň keseline bejergi tapmak üçin köşge çagyryldy. Oglany bejeren Ibn Sina, sylag hökmünde Buhara köşgüniň kitaphanasynda gözleg geçirmek üçin rugsat sorady.

Ibn Sina, pelsepe, lukmançylyk, fizika, himiýa, astronomiýa we edebiýat ugurlary boýunça ýöriteleşdi.

Ol, lukmançylyk ylmyny öwrenmek bilen çäklenmän, täze bejergi usullaryny oýlap tapýar. 19 ýaşynda lukman derejesini alýar we hassalary tölegsiz bejermäge başlaýar. 21 ýaşynda döwrüň iň tanymal lukmanlardan biri bolýar.

 Ibn Sina lukmançylyk boýunça ençeme eser ýazýar. Şolaryň arasynda esasanda ýürek-damar ulgamy hakynda ýazanlary ünsleri çekýär. Esasy eserlerinden biri bolan Kitabuşşypa ýagny “Şypa kitaby” adamzat taryhynda bir adam tarapyndan ýazylan iň uly eserdir. Şol eser mantyk, fizika, geometriýa, astronomiýa, matematika, saz we metafizika ylymlarynda döwrüniň ähli alymlaryny özünde jemlän ensiklopediýadyr.  

Onun 5 kitap görnüşde ýazan "Lukmançylyk kanuny" bir lukmanyň bilmeli ähli maglumatlarynyň gysgaça mazmunydyr. Bu eserde adam bedeniniň ähli organlary we olaryň keselleri we dermanlary taýýarlamak usullary birin-birin gürrüñ berilýär.

"Lukmançylyk kanuny", XVII asyryň ortalaryna çenli lukmançylyk ylmynda baş eser hökmünde ýewropa uniwersitetlerinde okadyldy.

Habarlar