be-ik-turk-alymy-ebu-bekr-sarahsy

Beýik türk alymy: Ebu Bekr Sarahsy

Ebu Bekr Sarahsy, Otuz tomluk "Mebsut" atly meşhur eserini, zyndanda geçen ýyllarda, guýudan talyplaryna aýdyp ýazdyrypdy.

02 Nisan 2022 10:15

Doly ady Muhammed bin Ahmed bin Ebi Sehl Sarahsydyr. Türküstanda ýetişen Yslam alymy bolup, 1009-njy ýylda Horosanyñ Saragt şäherinde dogulýar. Oña Saragt şäherinde doglanlygy üçin Sarahsy diýilýärdi.

Ebu Bekr Sarahsy Buharada ylym aldy. Fykyh ylmyny, döwrüniň iň bir meşhur alymlaryndan bolan Şems-ül-eimme Ebu Muhammed Abdüleziz bin Ahmet Hulwaniden öwrendi. Uzak ýyllaryň dowamynda bu halypasynyň sapaklaryna gatnap, fykyh ylmynda gowy kämilleşdi. Başga alymlardan-da sapak aldy. Döwletler hukugy boýunça alym we bu ugurda Ymamy Muhammed Şeýbany tarapyndan ýazylan eserleriň ussady Ebul-Hasan Aly bin Muhammed bin Hüseýinden we Ebu Hafs Ömer bin Mensur el-Bezzardan sapak aldy.
Sarahsyň birinji orunda durýan halypalaryndan Şems-ül-eimme Hulwani, Buharada meşhur Hanefi mezhebiniň alymlaryndandy. Ylmy bilen ýaşaýşy bilen, kän talyp ýetişdirmek bilen adamzada ägirt uly hyzmatlar eden bu halypasyndan soňra onuň ýerine geçdi. Ylymdaky üstünlikleri üçin, Sarahsa-da Şems-ül-inmme (alymlaryň, ymamlaryň güneşi) lakamy berildi.
Bütin ömrüni ylym öwrenmek, öwretmek we hyzmat etmek bilen geçirdi. Bu hususda kän kynçylyklar çekipdi,
Sarahsynyň durmuşynda wajyp we erbet pursatlar bolupdy. Bu-da, on ýyldan gowrak wagt dowam eden tussaglyk ýaşaýşydyr. Döwrüniň halkyna pendi-nesihat edenligi üçin zyndana atyldy. Zyndanda bir guýa gabap goýdular. Kän wagtlap ony guýuda sakladylar. Düýbi kiçiräk otagy ýatladýan guýuda-da ylym bilen meşgul boldy. Ýanynda hiç hili kitap ýokdy. Emma ol, on iki müň bölümden ybarat kitaby ýat tutupdy. Talyplaryna guýuda ýatan ýerinden sapak berdi. Talyplary guýynyň başynda jemlenýärdiler, ol hem aşakdan sapagyny geçýärdi. Otuz tomluk "Mebsut" atly meşhu eserini, zyndanda geçen ýyllarda, guýudan talyplaryna aýdyp ýazdyrypdy. Bu kitaby ýazdyran mahaly hiç hili çeşmeden peýdalanmandy, baryny öň öwrenen we ýat tutan maglumatlary esasynda ýazdyrypdy.
Tussaglygyň soňky aýlarynda, ýurt içi söweşler zerarly çaýkanyp durdy. Edil şol wagtlarda, Ymamy Muhammed Şeýbaniniň döwletler umumy hukugyna degişli "Sieri kebir" eserini ýazmaga girişdi. Onuň bu kitaby, döwletler hukugy barada ýazylan ilkinji eseridir.

Zyndandan çykanyndan soňra, Fergana gidýär. Fergana Emiri Emir Hasan ony hoşallyk bilen garşalyp, köp hezzet-hormat edýär. Ony talyplary bilen bilelikde köşgünde işlemäge alypgaldy. Bu ýerde ol zyndandaka başlan eserlerini tamamlady, täze eserler ýazdy. Ömrüniň ahyrky ýyllaryny Ferganada geçiren Sarahsy hezretleri, o taýdaky alymlar we halk tarapyndan uly gadyr goýulýan, möhüm meseleler üçin häli-şindi ýüz tutulýan adam bolupdyr.

Ymam Sarahsy Metjidi we Toplumy

Metjid we toplum, Türkiýäniñ din işleri guramasy we Türkiýe din işleri gaznasy tarapyndan Gyrgyzystanyñ Özgön şäherinde 4 gektarlyk meydanda Osman binagärliginiñ usulyna görä guruldy.

Toplumyñ düzüminde 500 adamlyk metjid, Gurhan sapakalry üçin otağlar, kitaphana, myhmanhana, we aş öýi bar.

Metjidiñ howlusynda  Ymam Sarahsyñ meşhur eseri“ Mebsut” adynda guýy ýasaldy.

Türkiýäniñ din işleri guramasy we Türkiýe din işleri gaznasy tarapyndan 2012-nji ýylda Ymam Sarahsyñ kümmeti ýasaldy we zyýarata açyldy.

Habarlar