be-ik-turk-pelsepeji-farabini-s-heri-otrar

Beýik Türk pelsepeji Farabiniñ şäheri: Otrar

Gadymy Otrar şäheri, Gazagystanyñ esasy turistiki ýerlerinden birine öwrülýär. Beýik Türk pelsepeji Farabiniñ doglan şäheri, 1998-nji ýylda ÝUNESKO-nyñ bütindünýä miras sanawyna girizildi.

29 Mart 2021 10:16

Beýik Türk alymy Farabiniň şäheri bolan Otrar, Gazagystanyñ  Seýhun derýasynyñ kenarynda orun alýar. Bu şäherde ilkinji ýaşaýyş biziñ eramyzdan öñki ýyllara uzanýar.

Gadymy şäher, Gala, Şehristan we Rabat bolmak bilen jemi 3 uly mähelleden emele gelýärdi. Ortar şäheri Mongollaryñ basyp alyşlygynda weýran edildi.

Otrar şäheri, 1998-nji ýylda ÝUNESKO-nyñ bütindünýä miras sanawyna girizildi. Taryhy şäherde gazuw-agtaryş işleri dowam edýär.

Arheolog Serik Akylbek beren interwýusynda Otrar şäherinde arheologik gazuw-agtaryş işlerine 19-njy asryñ ahyrynda başlanandygyny nygtap 1969-njy ýyldan başlap bolsa bu şäherde yzygiderli gazuw-agtaryş işeriniñ ýöredilýändigini aýtdy. Köp ýyldan bäri dowam edýän arheologik gazuwlarda Otrar şäheri gün ýüzüne çykaryldy.

Dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde metjid, medrese, ymarathana, hamam we ýaşaýyş jaýlary gün ýüzüne çykaryldy.

Arheolog Serik Akylbek: “ gazuw işlerinde altyndan ýasalan atyr guty we köp sanda altyn pul ýüze çykaryldy. Ýüze çykarylan küşt daşlary, sungat işgärleri tarapyndan ulanylan ýüz örtügi şol döwürde bu şäherde dürli konsert we teatr çäreleriniñ gurnalandygyny bize görkezýär”-diýdi.

Otrar şäheri, Türkistan şäherine 57 kilometre uzaklykda orun alýar. Şäheriñ içerki galasynyñ girelge gapysy TIKA-nyñ goldawy bilen restowrasiýa edildi.

Habarlar