birbirine-me-ze-n-iki-kan-on-turkmenistany-angygala-kan-ony-we-turki-ni-gu

Birbirine meñzeýän iki kanýon: Türkmenistanyñ Ýangygala kanýony we Türkiýäniñ Guzuçylar kanýony

Türkmenistanyñ Ýangygala kanýonu, Türkiýäniñ Guzuçylar kanýonyna gaty meñzeýär.

25 Şubat 2022 20:07

Ankaranyñ Nallyhan etrabyndaky Guzuçylar kanýony özboluşly gözelligi bilen syýahatçylar tarapyndan açylmagyna garaşýar.

Etrap merkezinden 60 km uzaklykda, Guzuçylar obasynyñ golaýynda ýerleşýän kanýon, gaýalary bilen özüne bendi edýän görke eýe.

Bir ýerasty şäheri ýada salýan Guzuçylar kanýony syýahatçylyk merkezi hökmünde uly mümkinçilige eýe.

Ýangy gala kanýony Türkmenistanyň owadan ýerleriniň biridir. Ol «Otly gala» diýen many berýär.

Bu özboluşly owadan ýer Balkanabatdan 165 km demirgazykda we Türkmenbaşydan 160 km gündogarda ýerleşýär. Ol ýerli ilatyň hem-de syýahatçylaryň arasynda meşhurlyga eýedir. Kert gaýadaky darajyk köwe çykyp, aklyňy haýran edýän görnüşe bakyp gözüň doýmaýar.

Ýangy gala ençeme asyr mundan ozal tebigatyň gyzyl, ak, sary we narynç öwüşginlerden ýasan äpet we mäkäm galasyny ýada salýar. Onuň reňkleriniň arasynda gyzyl reňk agdyklyk edensoň ýerli ilat oňa Gyzyldag diýýär. Gadym döwürlerde kanýona Garabogaz kölüniň suwy gelipdir, şonuň üçin hem işi şowlan syýahatçylara bu ýerde balykgulaklar we birgeňsi şekilli reňkli daşlar gabat gelýär. Ýangy galany görmek miýesser edenler bu ýerde ençeme gezek ýaňlanýan owadan ýaňy uzak wagt ýatlap gezýärler.

Gyzyl, sary, ak we oda meñzeş gyzyl renkli diwarlar bilen gurşalan kanýon haýran galdyrýan görke eýe.

Esasanam agşam gün ýaşanda kanyon ýumşak renkleri bilen diýseñ täsirli görünýär.

5,5 million ýyl ozal ýitip giden Tetys deñziniñ suwunyñ çekilip, hek daşynyñ eremegi netijesinde emele gelen ýangygala kanýony we Guzuçylar obasynyñ kanýonyny görenler “ Bäh gaty meñzeş” diýip aýdar.

 

Habarlar