birgi-etrabynda-turk-hujumlerine-garsy-gurlan-wizanti-a-diwarlary-gun-uzune-cyk

Birgi etrabynda türk hüjümlerine garşy gurlan Wizantiýa diwarlary gün ýüzüne çykarylýar

Miladydan öňki 750-nji ýyldan bäri ilatly ýaşaýyş ýeri bolandygy çaklanýan Birgi, Frigiýa we Lidiýa siwilizasiýalarynyň, Pars we Pergamon patyşalyklarynyň, Rim we Wizantiýa imperiýalarynyň, Aýdynogullary begligi we Osman imperiyasy döwrüniň taryhy ýadygärliklerini özünde jemläp suw çeşmeleri we bereketli topraklary bilen müňlerçe asyrdan bäri ilatly ýaşaýyş ýeri bolmaga dowam edýär.

24 Aralık 2021 18:55

Aýdynogullary begliginden miras galan taryhy binagärlik gurluşygy saýasynda 2012-nji ýylda ÝUNESKO-nyñ bütindünýä mirasyñ wagtlaýyn sanawyna girizilen Birga etraby, taryhy gurluşygy bilen syýahatçylyk we kino pudagynyñ  naýbaşy ýerleriniñ hatarynda orun alýar.

Birgi etrabynda Medeniýet we Syýahatçylyk ministrligiñ rugsady bilen Özemiş muzeý müdürligi tarapyndan Wizantiýa döwründe degişli bolan gala we diwarlarda arheologik gazuw-agtaryş işleri başşlady. Takmynan 900 ýyllyk bolandygy çaklanýan gala we diwarlarda gün ýüzüne çykarylan taryhy eserler Muzeý müdürligine tabşyryldy.

Prof. Dr Weli Sewin ozalky ady “Pyrgion” bolan Birgide dowam edýän arheologik gazuw-agtaryş işleriniñ sebitiñ syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşjagyna ynanýandygyny belläp: “Ödemiş şäher häkimligiñ goldaw bermegi bilen dowam edýän gazuw-agtaryş işlerinde Wizantiýa galasynyñ diwarlary ýüze çykarylar. Pyrgion sözüniñ manysy Grek dilinde gala diýmekdir. Bu ýerde 6 gektarlyk bir meýdany gurşaýan äpet bir gala bardy. Galanyñ käbir bölekleri zamanamyza gelip ýetdi. Bu diwarlary gün ýüzüne çykaryp adamlara tanatmak isleýäris”-diýdi.

Weli Sewin: “Bu gala 8-9 metr beýikliginde uly daşlardan ýasaldy. Bu gala türk hüjümlerine garşy Wizantiýa Imperiýasy tarapyndan ýasaldy”-diýdi.

Habarlar