birlesen-milletler-guramasyny-bas-assamble-asyny-75-nji-mejlisini-baslygy-wol

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyr Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyr " Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň" açylyş dabarasyna wideo ýüzlenme ugratdy. 

01 Şubat 2021 21:35

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi.  Çärä Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen köp sanda myhman gatnaşdy. Çärä Türkiýäniň adyna Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral gatnaşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyr çärä wideo ýüzlenme ugratdy. ýüzlenmede jenap Wolkan Bozkyr Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynyň BMG tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilendigini nygtap bu mynasybetli Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Koronawirus epidemiýasy döwründe  parahatçylygyň we ynanyşygyň öňküsinden has möhümdigini nygtan Bozkyr: "2021-nji ýylda hemmeleri tapawutlylyklary daşda goýup bilelikde işleşmäge we raýdaşlyga çagyrýaryn" -diýdi. Wolkan Bozkyr "Hemmeleriň howpsuzlugy üpjün edilmän hiç kim howpsuz bolup bilmez" -diýip, global ýagdaýda parahatçylygyň we ynamyň zerurlygynyň öňküsinden has ýokarydygyny aýtdy. Jenap Bozkyr parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ýolunda halkara bileleşigini syýasy gepleşikler we raýdaşlyk arkaly hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Habarlar