bosni-a-we-gersegowina-gys-sy-ahatcylygy-ucin-turk-sy-ahatcylaryna-garas-ar

Bosniýa we Gersegowina gyş syýahatçylygy üçin türk syýahatçylaryna garaşýar

Bosniýa we Gersegowina ýerleşýän ýeri we elýeterli bahalary bilen gyş syýahatçylygynyň esasy merkezlerinden biridir. Uly bazary we türk aşhanasyna ýakyn tagamlary bilen tanalýan paýtagt Saraýewo gyş syýahatçylygy bilen hem tanalmak isleýär.

07 Ocak 2022 22:08

Ýurtda 1984-nji ýylda geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlary üçin gurlan desgalar döwrebaplaşdyrylyp gyş syýahatçylygynyň esasy merkezlerinden birine öwrüldi.

Bosniýa we Gersogowina täze myhmanhanalary we lyža merkezleriniñ töwereginde gurlan ýaşaýyş jaýlary, umumy uzynlygy 40 kilometre barabar lyža ýollary we amatly bahalary bolan goňşy ýurtlardan lyža söýüjileriň ünsüni özüne çekýär.

Stambul şäherinden 1,5 sagatlyk uçar bilen baryp bolýan Saraýewo, gyş syýahatçylygyny halaýan türkleriň has köp ünsüni çekmegi maksat edinýär.

Saraýewo gezmäge gelen jahankeşdeler Bosniýa we Gersegowinanyň 1-nji prezidenti Aliýa Izetbegowiçiň guburynyň ýerleşýän Kowaçi gonamçylygyna baryp görýärler.

Saraýewonyň ​​obalary syýahatçylar üçin galjak ýerleri üpjün edýär we Bosniýanyñ milli tagamlaryny hödür kerem edýär.

Habarlar