buharany-so-ky-emirini-tomus-kosgi-sitare-i-mahi-hassa

Buharanyň soňky emiriniň tomus köşgi "Sitare-i Mahi Hassa"

Buharadaky “Sitare-i Mahi Hassa” köşgi ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ iñ köp gelim-gidimli ýerlerinden biridir.

02 Nisan 2022 10:07

“Sitare-i Mahi Hassa” köşgi, Buharanyñ 4 kilometr uzaklygyndaky bir etrapda orun alýar.

Köşkiñ ilkinji binalary Nasrullah( 1826-60) we Muzaffarhan (1860-85) döwründe guruldy.

Abdullah Han (1885-1910) döwründe bolsa bu ýere bir köşk we owadan bag guruldy. Emir Alimhan döwründe bolsa täze bir köşk guruldy.

Döwrüniñ iñ owadan binalaryndan biri bolan täze köşkde Russiýada bilim alan Buharaly mimarlar, günbataryñ sadalygy we gündogaryñ baý binagärligi bilen ussatlyk bilen utgaşdyrylyp ýasalmagyna garamazdan köşk ýykyldy.

1918-nji ýylda täze bir köşk guruldy. Köşk zenan we erkek bölümlere aýryldy. Köşgüň daşky arhitekturasynda ýewropa yzlary bar bolsa-da, içerki bölegi bolsa Gündogara mahsus aýratynlyklar bilen bezelipdir.

Buharanyñ soñky emiriniñ şäheriñ daşyndaky tomusky köşgi bolan “ Sitare-i Mahi Hassa”  “ aý ýaly ýyldyz” manysyny añladýar.

Sitare-i Mahi Hassa, Buharanyň şäheriň daşyndaky soňky emiriniň tomusky köşgi, "Aý ýaly ýyldyz" diýmegi aňladýar.

Zamanamyzda Sitare-i Mahi Hassa sungat müzeýi bolup ulanylýar. Bu muzeý ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryñ şäherdäki iñ köp gelim-gidimli ýerlerinden biridir.

Habarlar