bursa-s-heri-2022-turk-dun-sini-medeni-pa-tagty-boldy

Bursa şäheri "2022 Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty" boldy

Türkiýäniñ Bursa şäheri, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryñ medeniýet ministirleriniñ hemişelik geñeşiniñ 38-nji mejlisinde “2022 Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty” diýip saýlandy.

16 Eylül 2021 13:02

Türk dünýäsiniň 2020-nji ýyldaky medeni paýtagty bolan Özbegistanyň Hywa şäherinde geçirilen TURKSOÝ-a agza ýurtlaryñ medeniýet ministrleriniň hemişelik geñeşiniñ 38-nji mejlisinde kabul edilen karar bilen Türkiýäniñ Bursa şäheri  "Türk dünýäsiniň 2022 medeni paýtagty" diýlip yglan edildi.

Türkiýäniñ medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý mejlisde eden çykyşynda Bursa şäheriniñ öñümizdäki ýyl türk dünýäsiniň medeni paýtagty bolmagyny teklip etdi. ministr Mehmet Nuri Ersoý:” Osman döwletiniñ paýtagty bolan, taryhy we binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýan  Bursa şäherimiziñ 2022 Türk dünýäsiniň  medeni paýtagty bolmagy üçin dalaşgär bolandygyny begenç bilen buşlaýaryn. Bursa şäherimiziñ Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty bolup saýlanmagy üçin siziñ goldawyñyza garaşýar. Hywa, Eskişehir we Kastamony ýaly Bursamyz hem irginsiz zahmet, gaýrat bilen işläp Türk dünýäsiniñ medeni paýtagtlary arasynda orun aljagyna ynanýaryn”-diýdi

Mejlise gatnaşyjylar bu teklibi kabul edip Bursa şäherini 2022-nji ýylyñ Türk dünýäsiniñ medeni paýtagty diýip yglan etmek kararyna geldiler.

Mejlisde kabul edilen başga bir karar bilen 2022-nji ýylda 100 ýyllygy bellenjek Gyrgyz ýazyjy Toktobolot Abdumomunow we Azerbaýjanly kompozitor Fikret Amirow bilen 2022-nji ýylda aradan çykmagynyň 600 ýyllygy hatyralanjak  türk mistiki Süleýman Çelebini hatyralama ýyly diýip yglan edildi.

Habarlar