bursa-s-herinde-2022-turki-dun-si-medeni-pa-tagty-utgasdyrma-merkezi-dabaraly

Bursa şäherinde “2022 Türki dünýäsi Medeni paýtagty utgaşdyrma merkezi” dabaraly ýagdaýda açyldy

Tüki halklaryñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan 2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty yglan edilen Bursa şäherinde utgaşdyrma merkezi açyldy.

30 Mart 2022 13:47

Bursa şäherinde şu gün agşam geçiriljek “ 2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty” açylyş dabasarynyñ öñi syrasynda Türki dünýäsinden gelen sungat toparlarynyñ gatnaşmagynda baýramçylyk ýörişi gurnaldy. Taryhy Bursa diwarlarynyñ Saltanat Gapysynyñ öñünde başlaýan ýöriş Atatürk we Respublika şaýolundan geçilip Ertugrul beg meýdanynda soñlandy.

Nowruz ody ýakylyp üstünde towsuldy yz ýanyndan bolsa dabaraly ýagdaýda “2022 Türki  dünýäsi Medeni paýtagty utgaşdyrma merkezi” açyldy.

Bursa şäher häkimi Alinur Aktaş eden çykyşynda Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty diýip Bursa şäheriniñ yglan edilmeginden uly buýsanç we begenç duýýandyklaryny nygtap Bursa şäheriñ geopolitik tutýan orny sebäpli taryhda  köp sanda uly siwilizasiýalara ýer eýeçiligi edendigini aýtdy.

Açylyş dabara Azerbaýjanyñ medeniýet ministri Anar Kerimow, Gyrgyzystanyñ medeniýet, informatika, sport we ýaşlyk syýasaty ministri Azamat Žamankulow, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyñ syýahatçylyk, medeniýet, ýaşlyk we tebigy gurşaw ministri Fikri Ataogly, Bursa gubernatory Ýakup Janbolat, TÜRKSOÝ-uñ baş sekretary Düsen Kaseinow, Türk medeniýet we miras gaznasynyñ başlygy Günaý Efendiýewa, Gazagystan we Özbegistandan ministleriñ orunbasarlary, ilçiler we Türki dünýäsinden wekiller gatnaşdylar.

Habarlar