bursa-s-herinde-2022-turki-dun-sini-medeni-pa-tagty-gala-konserti-gecirildi

Bursa şäherinde 2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty gala konserti geçirildi

TÜRKSOÝ tarapyndan 2022-nji ýylyñ Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty yglan edilen Bursada “Bursa 2022 Türki Dünýäsiniñ medeni paýtagty Gala konserti” gurnaldy.

27 Ocak 2022 11:29

Gala konsertde çykyş eden Bursa şäher häkimi Alinur Aktaş:” şu gün Bursa şäheri üçin gadymy taryhy, baý medeniyeti, maddy bolmaýan medeni mirasy we taryhy gymmatlyklary bilen aýratyn manyly bir gün boldy”-diýdi.

Şäher häkimi Aktaş, Bursanyñ deni-taýy bolmaýan tebigaty, bereketli topraklary, köp ugurly syýahatçylygy, ösen tehnologiýasy bilen 2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty bolup saýlanandygyny ýatladyp:” 2022 Türki dünýäsiniñ medeni paýtagty Bursa logomyz bilen örän möhim gapylary açýarys. Bu gapy taryha, geljege, medeniýet we sungata, senagata, iş dünýäsine, bilime, gymmatlyklaryma, ýüpek ýoluna, söwda we syýahatçylyga açylýar. Bu gapy, Türki dünýäsiniñ bitewiligine, jebisligine we arkalaşyk ruhunyñ göterilmegine açylýar”-diýdi.

Şäher häkimi Aktaş konsertde “ Meniñ Bursam” atly özüniñ ýazan şygryny okady.

Gala konsertde Türkiýe, Tywa, Saha, Tatarstan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, özbegistan, Gazagystan we Türkmenistandan gelen aýdym-saz we halk tans toparlary sahna aldy.

Gala konserte Bursa welaýat häkimi Ýakup Janbolat, Bursa şäher häkimi Alinur Aktaş, deputatlar, TÜRKSOÝ-uñ wekilleri we köp sanda myhman gatnaşdy.

Habarlar