bursa-s-herinde-turki-dowletleri-guramasyny-ii-diaspora-forumy-dowam-ed-r

Bursa şäherinde Türki Döwletleriñ Guramasynyñ II diaspora forumy dowam edýär

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyñ ýer eýeçiliginde geçirilýän “Türki Döwletleriñ Guramasynyñ II Diaspora Forumy” dowam edýär.

28 Mart 2022 23:08

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyñ başlygy Abdullah Eren “Diaspora Liderleriñ maslahatyndan” soñ geçirilen metbugat ýygnagynda bu foruma ýer eýeçiligi etmekden bagtly bolandyklaryny aýtdy.

Abdullah Eren, foruma Türkiýe, Gazagystan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan we Özbegistanyñ aralarynda bolan jemi 12 döwletden 70 gatnaşyjynyñ gatnaşandygyny habar berdi.

Foruma, Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Türkmenistandan  döwlet guramalary, jemgyetçilik guramalaryndan wekiliýet we bilim adamlary gatnaşýar. Forum iki günläp dowam eder.

Forumyñ çäginde türki döwletleriñ arasynda söwda, ykdysady we medeni gatnaşyklaryñ hasam pugtalanmagy üçin pikir alyş çalşygy edilýär.

 

Habarlar