ca-kan-ardy-gara-de-i-sygryny-sahyry-ahmet-jewady-hatyrasyna-panel-gurnald

“Çaýkanýardy Gara deñiž ” şygrynyñ şahyry Ahmet Jewadyñ hatyrasyna panel gurnaldy

“Çaýkanýardy Gara deñiž” şygryny ýazan Azerbaýjanly tanymal şahyr Ahmet Jewadyñ 130-njy doglan güni mynasybetli panel gurnaldy.

13 Mayıs 2022 11:20

Türkiýäniň Ganja şäherindäki baş konsullygy, Stambul Uniwersiteti, Marmara Uniwersiteti we Ganja Döwlet Uniwersitetiniñ bilelikde gurnan online görnüşde geçrilen panele köp sanda mugallym gatnaşdy.

Marmara uniwersitetiniň türk dili öwreniş institutynyň müdiri Prof. Dr. Okan Ýeşilot tarapyndan dolandyrylan panelde Türkiýäniň Ganja konsuly Zeki Öztürk, Stambul uniwersitetiniň rektory Prof. Dr. Ilýas Topsakal we Ganja döwlet uniwersitetiniň wise-rektory Perwin Kerimzade çykyş etdiler.

Türkiýäniň Ganja konsuly Zeki Öztürk, şahyr Ahmet Jewadyñ Türki dünýäsiniñ aşygy we Ganja şäheriniñ ýetişdiren beýik şahsyýetlerden biri bolandygyny belläp: “Onuñ 1914-nji ýylyñ 15-nji dekabrynda ýazan “Çaýkanýardy Gara deñiž" atly şygry, şol garañky günlerde Türki dünýäsine umyt boldy”-diýdi.

Panelde Ahmet Jewadyñ agtygy Jewat Ahunzade hem gatnaşyp çykyş etdi.

Habarlar