calt-o-nal-an-kust-o-ny-bo-unca-dun-ni-i-as-cempiony-nodirbek-abdusattarow

Çalt oýnalýan küşt oýny boýunça dünýäniň iň ýaş çempiony: Nodirbek Abdusattarow

17 ýaşly Özbegistanly Nodirbek Abdussattorow, çalt oýnalýan küşt oýny boýunça dünýä çempiony bolan iň ýaş küştçi boldy.

14 Ocak 2022 15:22

Özbek küştçi Nodirbek Abdusattarow 17 ýaşynda çalt oýnalýan küşt oýny boýunça dünýäniñ iñ ýaş çempiony boldy. Özbek çempion Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde geçirilen dünýä çempianatynda 3 gezek dünýä çempiony bolan Norwegiýaly Magnus Karlsony ýeňip dünýä çempiony boldy.

Çempiyonlygy türki dünýäsinde uly täsir galdyran we öz ýurdunda "gahryman" hökmünde tanalýan Nodirbek Abdusattarow başdan geçiren duýgularyny we pikirlerini paýlaşdy.

Dünýä çempiony bolanyňyzda nähili duygular başdan geçirdiñiz?

“ Şol pursat diýseň ajaýypdy we diýseň tolgundym. Özbegistanyň adyny bütindünýä mälim edenim üçin gaty begenýärin we buýsanýaryn. Çempion bolanymdan soň ejem meni gutlady. Ejem meniň bilen ähli bäsleşiklere gelýär. Maşgalam hemişe meni goldady we ýanymda durdy. Soňra Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gutlag haty bilen gutlady men diýseň tolgundym we begendim. Warşawada metbugat ýygnagy geçirildi.”

Çalt oýnalýan küşt oýnyna  näçe ýaşyñda başladyñ?

“Küşt oýnamaga 4 ýaşymda başladym we küşt boýunça hemem bäsleşiklere gatnaşdym. Klassiki küşt däl-de, çalt küşt oýnamagymyň sebäbi wagtyň çäkli bolmagy we çalt geçmegi boldy. Küştiñ ähli görnüşlerini oýnaýaryn we bäsleşiklere gatnaşýaryn. Ýöne küştdiñ bu görnüşi boýunça çempion bolmak meni gaty buýsandyrýar. Sebäbi çalt oýnalýan küştdi oýnamany gaty gowy görýärin.”

Çempionata nähili taýýarlyk gördüň?

“Mundan ozal iki gezek çalt oýnalýan küşt boýunça geçirilen çempionata gatnaşypdym. Ispaniýada geçirilen çempionatdan soň Warşawada geçirilen çempionata gatnaşdym. Ispaniýada geçirilen çempionatda iki ýaryşa gatnaşdym we ol ýerde 1-nji boldum. Bu üstünlikleri gazananymdan soň Polşada çempionat başlady. Gazanan ozalky üstünliklerim maňa itergi berdi we Warşawadaky ýaryşlara bu içki höwes bilen başladym. Ahyrynda dünýä çempiony boldum, gaty begenýärin.”

Türkiýe barasynda birnäçe söz aýtmak isleýändigini nygtan Nodirbek, "Türkiýede küştde uly gyzyklanma bar we ýaşlar üstünlik gazanýarlar. Türkiýede köp sanda ussat tälimçi bar we men bu tälimçileriň köpüsi bilen tanyşdym. Bu menin üçin örän tolgundyryjydy. Men öňem birnäçe gezek Türkiýä baryp gördüm. Türkiýä gelenimde küştde nä derejede gyzyklanmanyň we bilesigelijiligiň bardygyny gördüm." -diýdi.

Habarlar