14 Mayıs 2021 16:50
“Boz öý” Gyrgyz halkynyñ gadymdan gelýän myhmansöýerliginiň özboluşly nyşany bolup, halkyñ däp-dessurlaryny, milli bezegler bilen bezelen gadymy özboluşlylygyny özünde jemleýär. Ol Gyrgyz halkynyň çarwa durmuşyna laýyk gelýän ýeňil, islendik wagtda söküp-düzmäge oňaýly mukaddes öý.
Bu öýleriň içi durmuş zerurlyklarynyň ählisi üçin amatly bolupdyr. Öýleri ata-babalar ýasan bolsalar, ene-mamalar onuň içini we daşyny haly we haly önümleri, dürli nagyş salnan keçeler bilen bezäpdirler.
Boz öýler, diňe bir ýaşaýyş zerurlygy bolman, eýsem, halkyň tebigat bilen baglanyşygynyň hem üzülmez zynjyry bolup hyzmat edipdir.
Boz öýüň süňňi agaçdandyr. Bu çadyry ýasamak üçin pisse, söwüt we derek agaçlary ulanylypdyr.
Çapylan hadalaryň gabygy arçalýar we uzynlygy 3-4 metr bolan hada alynýar. Hadany ilki bilen Günüň aşagynda goýup guratmaly. Soňra suwa ýatyryp goýmaly. Suwa gowy ezilip çyg çeken hadalary berk, döwülmezek bolmagy üçin hummuzda gowy bişirmeli. Taýýar bolan hadalar peçden çykarylyp, uk, aşyrym, tüýnük üçin niýetlenen agaçlar tizaw agajyna salnyp epilýär. Agaç epilenden soň ülňä deňläp uk edilýär. Öýüň ilki bilen daýanç merkezi bolan tärimi ýasalýar. Tärim üçin 2 metr 20 sm. agaç kesilip alynýar. Tärim üçin gerekli agaç göni halda bolmaly. Agaçlar başaşa görnüşde ýerleşdirilip köklenýär.
Boz öýüň esasy sütüni gabsa, uk, tüýnük, tärim ýaly böleklerden ybaratdyr. Edil uklaryň we tärimleriň daşyna aýlanylyşy ýaly, öýüň içine hem keçe düşelýär. Keçe gyşyna sowuk geçirmän, öýüň içini ýyly saklaýan bolsa, ýazyna Günüň howruny özünde saklap, içerini salkyn hala getirýär. Şeýle hem öýüň içinde oturanlary hiç bir mör-möjek çakmaýar. Sebäbi mör-möjek şol keçeleriň ýüňleriniň arasynda galýar.
“ Tüýnük”, öýüñ iñ esasy bölegi diýip kabul edilýär sebäbi “tüýdük” älemi alamatlandyrýar. Tüýnük, Gyrgyzystan döwlet baýdagyndaky nyşanalardan birini emele getirýär.
Oturymly durmuşa geçilmegine garamazdan bu öýler henizem giňden ulanylýar. Çarwa durmuşyñ esasy böleklerinden biri bolan “ Boz öý” ÝUNESKO-nyñ maddy däl medeni miras sanawynda orun alýar.