carwa-medeni-eti-tagamy-gurt

Çarwa medeniýetiñ tagamy: Gurt

Sygyr ýa-da geçiniň süýdünden taýarlanýan gurt; gurut, kurt ýaly dürli atlar bilen hem bellidir.

03 Aralık 2021 20:48

Gurduñ taýarlanyşy gözbaşyny iňňän irki döwürlerden alyp gaýdýar Gurt, uzyn möhlet zaýalanmaýany üçin çarwa durmuşyñ esasy tagamydyr. Gurt, kakadylan süýt önümidir.

Taýarlanyşy:

Ilki süýt gaýnadylýar we gatyk edilýär. Gatyk ak torbanyñ içine döküýär we suwy gowy süzülýär. Taýar bolan süzme bir gabyñ içine goýulýar we azajyk duz goşulyp ýugrulýar. Süzme ýogurlandan soñ islendik şekil berlip kakadylýar. hemme tarapy gatanyndan soñ gurt taýar bolýar.

Her süýt önümi ýaly, Gurt hem saglyk üçin örän peýdaly. Onuñ düzüminde belok mukdary köp bolup kalsiý, kaliý we fosfor bar. Kakadylýarka emele gelen süýt bakteriýalary saýasynda çig süýtden ýa-da gatykdan has ýokumlydyr. 100 gram gurtda 260 kaloriýa bar.

Habarlar