da-hanlar-a-lada-at-ustunde-na-za-atmak-o-ny-bolan-jiriti-o-nadylar

Daýhanlar ýaýlada at üstünde naýza atmak oýny bolan “ jiriti” oýnadylar

Türkleriň Merkezi Aziýadan Anadola gelen gününden bäri oýnaýan we häzirki wagtda söweş oýny diýip atlandyrylýan “ jirit” oýny Kars welaýatynda dört möwsüm oýnalýar.

13 Mayıs 2022 16:01

Jirit oýunçylar garyñ eremegi bilen ýasyl begres geýen ýaýlalara çykdylar.

Ir säher bilen atlaryny athanadan çykaryp zerur taýýarlyklary görenlerinden soñ Selim etrabyna bagly Kekeç obasynda ýygnanan jiritçiler atlaryny ýaýlalarda çapdylar.

Kawkas at üstünde sport kluby bilen Başköý Allahuekber dagy at üstünde sport kluby jirit oýny oýnadylar.

Her möwsümde bu oýny oýnaýan obalylar, stresden dynýarlar we ýürekleri bilen hezil edýärler. Şeyle-de ata-baba sportuny geljek nesillere geçirýärler.

Habarlar