daglyk-garabagda-ermenistany-aragly-gu-clerini-wagsylygyna-sa-at-bolan-gonam

Daglyk Garabagda, Ermenistanyñ ýaragly güýçleriniň wagşylygyna şaýat bolan gonamçylyklar

Daglyk Garabag we onuň töweregindäki welaýatlardaky Azerbaýjanlylara degişli bolan gonamçylyklar, Ermenistanyñ ýaragly güýçleriniň basyp alyşlygy döwründe eden wagşylygyna we weýrançylygyna şaýatlyk edýär.

26 Şubat 2021 20:40

Azerbaýjanyñ goşuny Daglyk Garabadaky topraklaryny basyp alyşlykdan azat edeninden soň, Ermenileriň sebitde eden weýrançylygyny aç- açan ýüze çykardy

Basyp alyş döwründe Fuzuli, Jabraýil, Zangilan, Gubadly we Agdam welaýatlaryndaky ähli ýaşaýyş ýerleri basyp alyşlyk döwründe ýykylyp talan edilendigi sebäli bu ýerler daş böleklerinden ybarat bolan “haraba şäherlere” öwrüldi.

30 ýyldan soñ azat edilen watanlaryna gaýdyp gelen Azerbaýjanlylaryñ ilkinji nobatda barýan ýerleri gonamçylyklar boldy emma ol ýerler hem weýran edilipdi. Köp adam suratlary we adlary pozulandygy sebäpli garyndaşlarynyñ, dogan-ýarlarynyñ mazarlaryny tapyp bilmediler.

Jabraýil şäher gonamçylygy, ermeniler tarapyndan ýok edilen, weýran edilen ýüzlerçe gonamçylykdan diňe biri.

Habarlar