dasary-isler-ministri-cawusogly-uctarapla-yn-maslahatdan-so-parahatcylyk-cagyr

Daşary işler ministri Çawuşogly, üçtaraplaýyn maslahatdan soñ parahatçylyk çagyryşy berdi

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Antalýa Diplomatiýa Forumy çäginde geçirilen Russiýa-Ukraina-Türkiýe üçtaraplaýyn daşary işler maslahatyndan soñ beren beýanatynda sebitde parahatçylygyñ üpjün edilmegini tama edýändiklerini aýtdy.

10 Mart 2022 15:12

Türkiýäniñ daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly sosial media hasabyndan beren beýanatynda, “Parahatçylyga iñ köp ätiýajymyz bolan bir zamanada Antalýa Diplomatiýa Forumy çäginde Rus we Ukrain kärdeşlerim Lawrow we Kuleba bilen üçtaraplaýyn formatda geçirilen maslahatda duşuşdyk. Sebitimizde ýañadan parahatçylygyñ höküm sürmegini tama edýäris”-diýdi.

Ministr Çawuşogly, Russiýa we Ukraina arasynda diplomatiýanyñ dowam etmegi üçin tagallalaryna dowam etjekdiklerini aýtdy.

Habarlar