dasary-isler-ministri-serge-lawrow-metbugat-ygnagy-gecirdi

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow metbugat ýygnagy geçirdi

Russiýanyñ daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Antalýada geçirilen Russiýa-Türkiýe-Ukraina üçtaraplaýyn daşary işler ministriñ maslahatyndan soñ metbugat ýygnagy geçirdi.

10 Mart 2022 14:53

Russiýanyñ daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçiren metbugat ýygnagynda, “  Ukraina krizisi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin edilýän ähli tagallalary goldaýarys. Gepleşikleriñ başga ýerlere çekilmegini islämzok. Gepleşikleriñ ýerini aljak hiç zat ýok. Türk dostlarymyzyñ tagallasy bilen ynsanperwer kömek meselelerini ara aldyk. Parahat ilatyñ zeper görmezligi üçin haýsy çareleri alyp barmalydygymyzy ara aldyk. Parahat ilat galkan hökmünde ulanylýar. Russiýa tarapynyñ ynsanperwer koridoryñ döredilmegi teklibini gaýtalady. İñ howpsuz ýollary saýlaýarys. Soñky duşuşykda Rus tarapy özüniñ talaplaryny aç-açan aýan etdi. ähli taraplaryñ, ÝB-niñ hem garaýyşlarynyñ ara alynyp Ukraina krizise çözgüt tapylmagyny tama edýäris.

Ukrainanyñ howpsuzlygynyñ üpjün edilmegine garşy çykamzok. Özümizi mamla görkezmäge hem synanşamzok. Biz maksadymyzy aç-açan beyan etdik.Ukrainanyñ ýaraglandyrylmagyny islämzok. Ukrainada täze Nasist hökümetiñ döredilmegini islämzok. Ukrananyñ bitarap döwlet bolmagyny isleýäris”-diýdi.

Ministr Lawrow, “ prezident Wladimir Putin hiç haçan gepleşiklerden gaça durmaz.  Ukraina barasynda beriljek kararlarda biziñ hem garaýşymyza ähmiýet berilmeli. Ukrainanyñ garaşsyz bir döwlet bolmagyny isleýäris. Ortodoks ybadathanañ Ukrainada açyk bolmagyny isleýäris. Meseläni diplomatil ýollar bilen çözülmegini arzuw edýäris”-diýdi.

Ministr Lawrow, “Amerikanyñ Ukraina topraklarynda onlarca harby biologiki labaratoriýa açandygy baradaky habarlar bizi aladalandyrýar. Bu soraglara jogap isleýäris. Ýewropa döwletleriñ Ukrainadan isleýän ýeke-täk zady, bu ýurduň Russiýa garşy yzygiderli işlemegi.

Russiýa goýlan sanksiýalar barasynda bolsa ministr Lawrow, “Ýewropalylara asla garaşly bolmarys. Şeýle çäreler güýje girizeris welin şular ýaly ýagdaýa hiç haçan duçar bolmarys” diydi.

Ministr Lawrow,” Bizi çagyran ähli döwletlere minnetdarlygymyzy ýetirýäris. Goldaw bermek isleýänlere minettarys. Bähbitleriñ deñagramly bolmagyny isleýäris. Atom urşunyñ bolmagyny islämok we onuñ boljagynada ynanamok”-diýdi.

Habarlar