dasary-urt-dillerinde-turkey-hokmunde-ulanylan-urdu-ady-turki-e-hokmunde

Daşary ýurt dillerinde "Turkey" hökmünde ulanylan ýurduň ady "Türkiýe" hökmünde üýtgedildi

BMG Türkiýäniň bildiren talabyndan soň, daşary ýurt dillerinde "Turkey" hökmünde ulanylan ýurduň adyny "Türkiýe" hökmünde üýtgetdi.

02 Haziran 2022 11:44

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dýužžarik, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýäniň daşary ýurt dillerdäki adynyň "Türkiýe" hökmünde üýtgedilmegi bilen bagly BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ugradan hatyny alandyklaryny habar berdi. 

Stefan Dýužžarik, ýurduň adynyň üýtgedilmegi bilen bagly talabyň hatyň alynan pursadyndan başlap güýje girendigini mälim etdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Ýurdumyzyň marka gymmatlygyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiz @RTErdoganyň ýolbaşçylygynda başladan tapgyrymyz netijelendi. Baş sekretary Antoniu Guterrişe şu gün ugradan hatymyz bilen ýurdumyzyň BMG-nyň düzümindäki ýurtlaryň dillerindäki adyny 'Türkiýe' hökmünde bellige aldyk" diýip habar berdi. 

Habarlar