daskentd-ki-hezreti-ymam-toplumy

Daşkentdäki Hezreti Ymam Toplumy

Hezreti Ymam toplumynda Hz Osman döwründen miras galan Gurhan goralyp saklanýar.

04 Eylül 2021 16:52

Özbegistanyñ döwrebap ýüzüniñ tymsaly bolan Daşkent şäherinde beýik binalar, restoranlar we kafeler bilen bir hatarda tapawutly döwürlerde gurlan taryhy binalara hem duş gelmek bolýar.

Daşkentde, Hezreti Osmanyñ ganynyñ akandygy öñe sürülýän jeren derisiniñ ýüzüne ýazylan Gurhanyñ goralyp saklanýan Hezreti Ymam Toplumy görülmeli ýerleriñ başynda orun alýar.

Halyf Hz. Osmanyň döwründe ýazylan bu Gurhan, Emir Timur tarapyndan Yrakdan Samarkanda getirilipdir ýöne Sowet Soýuzy döwründe  Russiýa äkidilipdir.

Din alymlaryñ haýyşy boýunça Gurhan 1926-njy ýylda Özbegistana getirildi. Daşkende  goralyp saklanýan Gurhan 53x68 santimetr  ululygynda we 353 sahypadan ybarat.

Hezreti Ymam toplumynyň içindäki ajaýyp binalaryñ arasynda Barak Han medrese, Tilla Şeýh metjidi we Hezreti Ymam metjidi orun alýar.

Habarlar