denizli-s-herinde-garassyzlygy-30-yllygyna-bagyslanyp-turki-dilli-urtlary-fo

Denizli şäherinde Garaşsyzlygyñ 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türki dilli ýurtlaryñ foto-surat sergisi açyldy

Denizli şäherinde “ Garaşsyzlygyñ 30-njy ýylynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan” atly foto-surat sergisi açyldy.

09 Mart 2021 16:45

Denizli şäher häkimligi tarapyndan berilen beýannamada; Türki dilli ýurtlaryñ halkara medeniýet guramasy TURKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda 15-nji iýul Delikliçynar Şehitler Meýdanynda açylan foto-surat sergide Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, özbegistan we Türkmenistanyñ garaşsyzlyklarynyñ 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türk dünýäsiniñ tanymal foto-suratkeşleriñ eserleri orun aldy.

Denizli welaýatynyñ gubernatory Ali Fuat Atik açylyş dabarada eden çykyşynda foto-surat sergisini gurnaýan Denizli şäher häkimligine we TURKSOÝ-a minnetdarlygyny ýetirip; “ Türk Dünýäsiniñ begenji bizin begenjimiz, gynanjy bizin gynajymyzydr. Bir milletden bolan doganlarynyzy bu ýerde hatyralamak, olaryñ ýaşaýan şäherlerine  foto-suratlarda gezelenje çykmak örän gyzyklydy. Bu serginin Denizli şäherinde gurnalmagy bizi diýseñ beğendirdi”-diýdi.

Denizli şäher häkimi Osman Zolan eden çykyşynda: “ Birek- biregi has ýakyndan tanamagymyz gerek. Munuñ üçin bolsa ilki 30 ýyl ozal garaşsyzlyklaryny yglan eden Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistanyñ taryhyny, medeniyetini, sungatyny we köp sanda gymmatlyklaryny, gözelliklerini taryplaýan foto-surat sergisi gurnadyk. Denizli halkyny bu sergä gezelenç etmäge çagyrýarys” diýdi.

Foto-surat sergide Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistanyñ tebigatyny, taryhyny, arhitekturasyny, medeniýet we sungatyny gürrüñ berýän suratlar orun alýar.

Habarlar