doglan-gununi-100-nji-ylynda-toktobolot-abdumomunow

Doglan gününiň 100-nji ýylynda Toktobolot Abdumomunow

Toktobolot Abdumomunow, gyrgyz teatr sungatyna ugur beren dramaturg we režissýordyr.

11 Şubat 2022 22:54

Gyrgyzystanyñ halk ýazyjysy, dramaturg we ssenarist, Gyrgyz SSR-iň hormatly sungat işgäri "Toktogul Satylganow" döwlet baýragynyň eýesi Toktobolot Abdumomunow, 1922-nji ýylyň 15-nji awgustynda Çüý sebitiñ Kemin etrabynyň Atake obasynda dünýä indi.

Abdumomunow, talyplyk ýyllarynda köplenç gidýän teatr oña bu ugurda uly söýgi döretdi.

Ol zähmet ýoluna “ Gumly eññit” we “Gurban” atly oýunlar bilen başlady.

Abdumomunow, ömrüniň ahyryna çenli 30-a golaý spektakl ýazdy we oýunlary Gyrgyzystanyň teatrlarynda yzygiderli goýuldy.

Abdumomunow, 1959-1971-nji ýyllar aralygynda Gyrgyzystan ýazyjylar birleşiginiň birinji sekretary we 1974-1987-nji ýyllar aralygynda Gyrgyzystan teatr ansamblyň başlygy wezipesini ýöretdi.

Abdumomunow, 1989-njy ýylda 67 ýaşynda dünýeden ötdi.

1991-nji ýylyndan başlap Gyrgyz Respublikasynyñ döwlet drama ugrundaky iň gowy oýunlara  "Toktobolot Abdumomunow edebi baýraklary" gowşurylyp başlandy.

Türki döwletleriñ halkara medeniýet guramasy TÜRKSOÝ, 2022-nji ýyly “Toktobolot Abdumomunow” ýyly diýip yglan etdi. Bu çäkde 2022-nji ýylyñ dowamynda Gyrgyzystan we Türki dünýäsinde Toktobolot Abdumomunowyñ hormatyna hatyralama çäreleri, medeni çäreler we ylmy maslahatlar gurnalar.

Habarlar

TRT Avaz web sitesi çerez kullanmaktadır. Sitede gezinmeye devam ederek, çerez kullanımımızı kabul etmiş olursunuz.
Daha fazla bilgi için "Çerez Politikası" metnini okuyabilirsiniz.