doglan-gununi-150-nji-ylynda-ahmet-ba-tursynuly

Doglan gününiñ 150-nji ýylynda Ahmet Baýtursynuly

Gazak halkynyñ XX asryñ başlaryndaky milli azatlyk hereketiniñ ýolbaşçylaryndan biri bolan Ahmet Baýtursynuly, adyny Türki dünýäsine altyn harplar bilen ýazdyran beýik şahsyýet.

26 Şubat 2022 21:09

1872-nji ýylyñ 5-nji sentýabrynda Gazagystanyñ Kostanaý sebitinde dünýä inen Baýtursynuly, 1895-nji ýylda Orenburg Mugallymçylyk mektebini tamamlaýar.

1909-njy ýyla çenli Gazagystanyñ tapawutly sebitlerinde mugallym bolup işledi. Şol ýyl Rus imperiýasynyñ hökümetini tankyt edendigi üçin tutsag edildi we mugallymçylyk kärinden daşlaşdyryldy.

1913-nji ýylda neşir edilen “ Gazak” atly gazet bilen milli  añy we ruhy kemala getirmekde ýobaşçylyk etdi.

Ahmet Baýtursynuly, 1918-1919-njy ýyllarda Gazak halkynyñ milli azatlygy üçin göreşen “ Alaş Orda” hereketine goşuldy.

Ol söweşini diñe syýasy bir hereket bilen çäklendirmän ylmy edebi eserleri bilen köp taraply işini dowam etdirdi.

1919-njy ýylyň 24-nji iýunynda Gazagystanyň topraklaryna ýolbaşçylyk eden Ynkylap esgerleri komitetine bellenen Baýtursynuly žurnalistik şahsyýetini hemişe birinji orunda tutdy.

Ahmet Baýtursynuly, 1937-nji ýylyñ 8-nji dekabrynda ýañadan tutsag edildi “halkyñ duşmany” günäkerlemesi bilen öldürüldi.

Şol döwrüň ähli türk intellektuallaryna edilişi ýaly, 1937-nji ýyldan soň onuň ady we eserleri gadagan edildi we ady taryh we edebiýat kitaplaryndan çykaryldy.

Gazagystan, şanly Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soñ Ahmet Baýtursynuly ýaly beýik şahsyýetlerini ýatdan çykarmady. Güýje girizilen köp sanly kanun bilen bu beýik şahsyýetleriñ ýurtlary we Türki dünýäsi üçin eden uly işleri we göreşleri gelejek nesillere gürrüñ berilýär.

Şugünki gün Gazagystanda Ahmet Baýtursynul adyny göterýän ýokary okuw jaýy, mekdepler, köçeler we köp sanly binagärlik eserler bar.

Habarlar