dun-d-ki-ilkinji-we-eke-t-k-miniat-ura-kitap-muze-i

Dünýädäki ilkinji we ýeke-täk miniatýura kitap müzeýi

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdaky Miniatýura kitap muzeýinde 66 ýurtdan kitaplar sergilenýär.

11 Haziran 2022 20:35

Diňe 7.5 sm-den kiçi kitaplaryň miniatýura hökmünde kabul edilen muzeý, Ginnesiň rekordlar kitabyna-da girizildi.

Muzeýiň hekaýasy; Azerbaýjanyñ tanymal suratkeşi Tahyr Salahowyň aýal dogany filolog Zarife Salahowanyñ her baran yurdundan miniatýura kitap ýygnamagy bilen başlaýar.

Azerbaýjanyň prezident kompleksiniñ goldawy bilen Zarife Salahowa arzuwyny amala aşyrýar  we kolleksiýasyny muzeýe öwürýär.

Muzeýiñ iñ esasy eserlerinden biri XVII asyra degişli bolan Gurhanyň golýazmasydyr.

Ýaponiýada neşir edilen 0,75x0,75 millimetr ululykdaky "Dört möwsüm gülleri" atly kitap muzeýdäki iň kiçi kitap bolmagy bilen tapawutlanýar.

Ýigrimi iki sahypalyk bu kitaby ýörite mikroskop arkaly okap bolýar.

Muzeýde Türkiýeden gelen eserler hem bar. “ Gorkut ata kitaby”, “ Görogly”, Atatürkiñ “ Nutuky”, Alparslan Türkeşiñ “ Dokuz yşyk” kitaby, Ümit Ýaşar Oguzjanyñ şygyr kitaby, Nazym Hikmet we ýaşar Kemaliñ kitaplary muzeýin Türkiýe bölüminde sergilenýär.

Habarlar